SÖZLÜG ,,, G-HARPY;

GEK

GEKZA'METR, Alty stopaly şygyr düzüliş formasy. Bu şygyr gekzametr formasynda düzülipdir.


GEKTAR, 10000 kw. metre deň bolan ýer ölçegi. Biziň kolhozymyz bu ýyl döwlete her gektardan 35 tsentner inçe süýümli sowet pagtasyny bermek ugrunda göreşýär (B. Pürliew, Ilkinji gün). Biri-birine utgaşan şol ownujak peller topy çözlenen gülli mata ýaly, ýüzlerçe gektardan ybarat giň kartalara öwrüldi («Sowet edebiýaty» žurnaly).


GEKTARLYK, Bir gektar möçberindäki, gektara barabar bolan.


GEKTOWAT, fiz. Elektrik togunyň güýjüni ölçemek üçin ulanylýan, 100 watdan ybarat ölçeg birligi. 100 wat bir gektowatdyr («Fizika kursy»).


GEKTOTRAF, Elýazma ýa-da maşynýazma tekstiň sanyny köpeldýän gural, hat basma maşyny.


GEKTOGRAFIK, Gektografda çap edilen. Çap etmegiň gektografik usuly.


GEKTOGRAFIRLEMEK, Gektografda çap etmek.


GEKTOLI'TR, Suwuň jisimleriň 100 lntre deň bolan metrik ölçegi.


GEKTOME'TR, Metrik ölçeg sistemasynda 109 metre barabar bolan ölçeg birligi.