GEDA [geda:], ser. Gedaý. Men munuň patyşadygyny bilmesem, gedadygyny bilmesem, garypdygyny bilmesem, baýdygyny bilmesem, asla meniň düýşüme giren adamzat şu bolsa ýagşy, ýöne gezip ýören bir bidöwlet bolmasa ýagşy («Görogly» eposy). Müsürde şa bolandan, Kenganda geda bol (nakyl). GEDAÝ [geda:ý], Dilegçilik edip, il elinden gün görýän adam. it gedaýdan gorkar, gedaý hem itden (nakyl). GEDAÝLAŞMAK , [geda:ýlaşmak], Gedaýlyk ýagdaýyna düşmek , ykdysady taýdan has pese düşmek, garyplaşmak. GEDAÝLYK , [geda:ýlyk], ser. Gedaýçylyk. GEDAÝÇYLYK ,[geda:ýçylyk], Güzeran görmek üçin dilegçilik etip, ilden zat ýygnamaklyk, gedaýa degişli bolan häsiýet. Gedaýyň alyp barýan durmuş derejesi. GEDEM; boýny ýogynlyk edýän, ulumsy , tekepbir, gopbamsy. GEDEMLIK, Gedemiň gylyk-häsiýeti, ulumsylyk,. tekepbirlik, gopbamsylyk. Gedemlik alamaty ýüze çykyp duran Starostin hem şeýle adamdy (L. N. Tolstoý, Saýlanan eserler) . |