SÖZLÜG ,,, G-HARPY;

GEN

GENDE, Ýaman, erbet, ýaramaz. Güllere laýyk hem däl-dir ol gende («Sowet edebiýaty» žurnaly).


GENDELE, balykç. Ownuk balyk tutmak üçin ulanylýan tor. Iki gapdalynda barýan gämileň, Sallanyp görünýär konus gendele (Ş. Borjakow, Kaspi kenarynda).


GENDEREW, bot. Ýokumsyz ýabany ot. Şony hem bilmeýärmiň? Edil genderewden doýan mal ýaly pökgerdäýýär! — diýdi (N. Pomma, Sebäbini soň bildim).


GENEALOGIÝA, 1. Urugyň taryhy, urug şejresi; aýry-aýry uruglaryň taryhyny öwrenýän kömekçi taryh dersi.

2. Haýwan ýa-da ösümlik tohumlarynyň gelip çykyşy.


GENEZIS, Gelip çykyş, döreýiş, emele geliş.


GENERA'L, Goşunda ýokary komanda sostawyna berilýän çin we şol çinli şahs.


GENERA'L-GUBERNA'TOR, Buržuaz ýurtlarynda: ýokary harby administratiw häkimiýetli ülkäniň, oblastyň naçalnigi. Aleksandr 1-den razylyk alyp, Puşkini general-gubernatoryň kantselýariýasynyň çinownigi edip, Odessa geçirdiler (A. S. Puşkin, Saýlanai eserler).


GENERALI'SSIMUS, Uruş wagtynda döwletiň ähli ýaragly güýçlerine ýolbaşçylyk etmek bilen, watan öňünde görkezen aýratyn görnükli hyzmatlary, bitiren işleri üçin dakylýan iň ýokary harby at.


GENERALITE'T, Goşunyň ýokary komandowaniesi, generallary.


GENERA'TOR, Mehaniki energiýany elektrik energiýasyna öwürýän maşyn.


GENETIK, Genetikadan spetsialist.


GENETIKA, biol.  Biologiýanyň organizmleriň  ösüşini, nesil yzarlaişyny, onuň uýtgäp durşuny öwrenýän bölumi.


GENETIKI, Genetika degişli bolan. Bizi gyzyklandyrýan predmetiň gelip çykyşyny görkezmek zerur bolan mahalynda, genetiki kesgitleme. ulanylýar (S. N. Winogradow, A. F. Kuzьmin, Logika).


GENJI-HAZYNA [genji-hazy:na], Kän baýlyk, mulk, hazyna. Han bolan adama genji-hazyna, döwlet gerek-dir («Görogly» eposy).


GENIAL, 1. Hetdenaşa talantly, artykmaç döredijilik ukyby bolan. Genial serdar. Genial adam.

2. Geniý häsiýetine mahsus bolan. Genial eser.


GENIALLYK, Genial bolmaklyk, genial häsiýetde-lik.


GENIÝ, I. Iň ýokary derejeli, döredijilikli ukyplylyk, ýokary derejede talantlylyk.

2. Şol hili talanta, ukyplylyga eýe bolan adam.


GENÇ, Hazyna, baýlyk, mülk. Mekdep bagt genjimiz, Tomus aldyk dynjymyz («Mydam taýýar» gazeti).


GENŞTAB, Baş ştab. Goşunyň genştaby.