SÖZLÜG ,,, G-HARPY;

GEM

GEMIRMEK, 1. Diş bilen kitirdedip kertip, gazap iýmek. Mönje oglan omaçany gemrip, Halnazara bakan  düwdenekledi. Aç düýeler olaryň pudaklaryna çenli gemripdir. Atlar dişleri bilen öňlerine germelän agaçlary gemirdiler (B. Kerbabaew, Aýgytly ädim).

2. göç. m. Kişiniň gazanjyny öz şahsy peýdaň üçin harçlamak, iýmek, kesekini rehimsiz ekspluatirlemek. Sen üç ýyllap  kolhozy gemirdiň (A. Gowşudow, Mähri—Wepa).


GEMIRTGE, bot. Ýaşajyk terne.


GEMIRTMEK ,Diş bilen kitirdedip, kertdirip, gazadyp  iýdirmek.  Süňk gemirtmek. Terne  gemirtmek.

2. Zaýalatmak, haraplatmak, ýüzüni gaýtartmak.  Piliň  ýütüni näme gemirtdiň?


GEMIRÇEK ,Gaty süňke öwrülmedik beden bölegi, iýmit kitirdewük.


GEMMIK , Alyn dişleri düşen,ýokarky dodagy agzynyň içine ýykylao duran.Agzy gemmik adam.


GEMMIKLIK , Gemmige degişli bolan, gemmige has bolan. Ondan soň has hem özüniň gemmikligini görkezmÄge çalyşdy («Sowet Türkmenistany» gazeti).


GEMOGLOBI'N, fiziol. Gyzyl gan şarikleriniň düzümindäki gany gyzardýan jisim. Gemoglobin ganyň düzüminde bolýar.


GEMRE, 1. ÝAtakda gat-gat bolup baslygyp ýatan. çüýrän mal dersi. Köçä dökülen ders aýak aşagynda eýýÄm gatap gemre bolupdyr (M. Ibrahimow, Ol gün geler).

2. gepl. d. ser. Gasňak II. Gemresin ýumşatmansyň, sen muny Geýip, ýeňňse! Gör, seniň gül meňziňi görkezýär ýoýup, ýeňňe! (Nury Annagylyç, Saýlanan eserler).


GEMRIJI, Uzyn alyn dişleri bilen kertýän, gemirýän süýtemdirijiler, alajagözen, syçan, alaka-we ş. m. Çal alaka ýaly gemriJiler, gurbagalar, aslar we ýylanlar hem uly zyýan berip biler (W. Z.Raýenko, ýüpekçilik boýunça öňde baryjy tejribe).


GEMRIK, ýüzi, gyrasy gemrilen, gädilen. Gemrik ýüzli pyçak.


GEMRILMEK, 1. Ýüzi gaýtmak, ýüzi gädilip zaýalanmak. Pyçagyň ýüzi gemrilipdir.

2. Diş bilen kitirdedilip, gemrilip, gazalyp iýilmek. Olar maňa gemrilen süňk, çendan gaty-guty çörek taşladylar (Myraly).


GEMRIŞMEK, 1. Köp bolup gemrip oturmak.

2. Dişleşip uruşmak (haýwan hakda). Gemrişip duran erkekleriň biriniň halys haýy gaçdy.

3. gepl. d. Oýun edip basalaşmak, dalaşmak, çekeleşmek. Gemrişip ýadamak.