GEL-GEL, Ýeri indi, ahyr soňy, netijede, iň soňunda. Gel-gel otrýad bolup gijelerine kolhozyň ekerançylygyna garawulçylyk çekmeli bolduň (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde). GELDI-GEÇER, Tiz ötüp geçýän, çalt bolup geçýän; el ýüzünden, el ujundan, ýüzleý. Ol myhman hem däl geldi-geçer hem däl. Ol ýöne geldi-geçer bir zat ekeni (B. Kerbabaew, Aýgytly ädim). GELDI-GEÇERLIK, Tiz ötüp geçijilik; el ujundan etmeklik, başdan sownaklyk. Işde hiç wagt geldi-geçerlige ýol bermek bolmaz. GELDIGIÇE, Öňe süýşdügiçe, ýakynlaşdygyça. Ýakyn geldigiçe hem tozany köpelýär («Türkmen erteki-leri»). GELEWERI, 1. Biriniň gelmegini haýyş edip aýdylýan söz. Gyzym, geleweri, tizräk! (G. Gurbansähedow, Enesiniň ýumuşlary). 2. Sylag, hormat goýlup «geliň, geçiň» diýen manyda aýdylýan ýüztutma söz. GELE-GELMÄNE, Bada-bat, ýüzüniň ugruna, gelen dessine, tiz. Guýrugyny hilelik bilen bulaýlap gelýän köpek gele-gelmäne süre kürsäp urýar («Sowet edebiýaty» žurnaly). GELEGURT [gelegu:rt], Top bolup gezýän ýyrtyjy möjegiň bir görnüşi. Bu golaýlarda men gelegurt bar sesini eşidemok (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde). GELEŇ, Üns, dykgat, alada. Ýogsa näme! Kolhozda pul bar-da, bu zatlara geleň edýän ýok, ogul! (B. Pürliew, Ilkinji gün). Enesem gyzyna etmez kän geleň .Çem gelen ýerinde ýatar baş ýalaň. Komissiýalar muňa hiç geleň etmän, Käbir garyplara galdy suw ýetmän (B. Kerbabaew, Poemalar). GELEŇSIZ, Alada etmeýän, işiň pikirini çekmeýän, sowuk-sala, biagyry, biperwaý. Öwez okuwynda we başga işlerinde geleňsiz hem däldi (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde GELEŇSIZLIK, Geleňsiziň häsietine degişli bolan, biagyrylyk, aladasyzlyk, biperwaýlyk, sowuk-salalyk. Bu bir toslamadyr güman edip, öňki geleňsizligime gezdim (A. Gowşudow, Eserler). Eger sen geleňsizlik bilen eliňi syrtyňa aýlaýsaň, öz-özüňe hyýanat etdigiň bolar (B. Kerbabaew, Aýgytly ädim). GELIBERMEK, Barybermek, golaýlabermek, giribermek, ýygnanybermek, toplanybermek. GELIÝ, him. Wodoroddan soň iň ýeňil gaz, himiki element. GELIM-GIDIM, Baryş-gelişli aragatnaşyk, baryş-geliş. Gelim-gidim görmedik, oturyş-turuş öwrenmedik ýetimiň birini alyp berseň, onuň hiç batnygy boljak däl (B. Kerbabaew, Aýgytly ädim). GELIN, Kämillik ýaşyna ýetip, täze durmuşa çykan gyz; ýaş aýal. Jamal eje dokmany oglunyň gelni bilen bileleşip dokaýar (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde) Gelniň geldi-geldisi, ogluň boldy-boldusy (nakyl). Gyzym, saňa aýdaýyn, gelnim. sen eşit (nakyl). GELINBARMAK, 1. Owadan süýri üzüm getirýän üzüm agajy we onuň miwesi. Gelinbarmak üzüm hoşalary biri-birine çaknyşýar (B. Kerbabaew, Aýsoltan). 2. Hala, çuwala, joraba we ş. m. salynýan barmaga meňzeş nagyş. «Gelinbarmak» diýen bir nagyş bardyr, şony halyçanyň gyrasyna salsaň, baý, halyça halyçajyk bolaýar («Sowet Türkmenistany» gazeti). GELIN-GYZ [gelin-gy:z], Gelinler we gyzlar, aýal maşgala. Begenç adatda gelin-gyzlar bilen sözleşmäge, degişmäge çekinmeýän, wäşi, şowhun bir ýigitdi (B. Kerbabaew, Aýsoltan) GELINLIK, Gelin ediljek gyz, gelin edinmek üçin göz astyna alynýan gyz. Garry ene daş-töwereginden gelinlik agtarmaga başlady (A. Gowşudow, MähriWepa). Indi gelinlik gözlemege gezek Aknabat eje geldi (A. Durdyew, Bagtly ýigit). GELINÇEK, bot. Ak gülli, ýaşyl. gyzgylt birýyllyk ösümlik. GELIOGRAF, 1. astr. Günüň suratyny almak fotoapparatly teleskop. 2. harby. Signal aragatnşygyny saklamak üçin ulanylýan gural. 3. meteor ýalkymyny, şöhle salşyny awtomatik suratda registirelýän abzal. GELIOGRA'FIÝA, Astronomiýanyň Güni derňemek bilen meşgullanýan bölümi. GELIO'METR, astr. Asman ýagtylgyçlarynyň görünýän diametrlerini ölçemek üçin abzal. GELIOTEHNIKA, Tehnikanyň GÜn energiýasyny senagatda we ýaşaýyş durmuş maksatlarynda peýdalanmaklyk bilen meşgullanýan pudagy. GELIŞDIRMEK, 1. Laýyk etmek, ýaraşykly etmek, jaýba-jaý etmek. 2. Barlyşdyrmak, ylalaşdyrmak. Olary gelşidirip gaýtdym. 3. dial. Adaglamak. Olar, ýaşlykdan gelşidiripdirler. GELIŞMEK, 1. Iki-ýekeden gelmek, ýuwaş-ýuwaşdan yzly-yzyna gelip başlamak. 2. Gelşikli bolmak, ýaraşmak. Şu bolşuň bilen bökjekläp ýörseň-ä, gelişmänem durjak del! Beýle etmek biziň gujurly neslimize gelişmeýär («Sowet edebiýaty» žurnaly) 3. Ylalaşmak, barlyşmak, razylaşmak. GELMEK, 1. Bir ýerden ikinji bir ýere barmak. Dostum, men saňa arkaýynlanyp geldim (B. Kerbabaýew . Aýgytly ädim).. Gelen döwlet, giden mehnet (nakyl). 2. ýüze çykmak, peýda bolmak. Bir şahyr otyrka gije dümtünip, Gelendir bir pikir onuň oýuna («Tokmak» žurnaly). 3. Kömekçi işlik funktsiýasynda gelip, aşakdaky ýaly ulanylýar: a) ysnyşyp gelýän isimleriniň manylary bilen baglanyşykly hereketi aňladýar. Huşa gelmek, kamata gelmek, laýyk gelmek; b) ysnyşyp gelýän işligi bilen birlikde gymyldynyň dowamlylygyny we ýakynlaşmagyny görkezýär. GELMIŞEK, gepl. d. Başga bir ýerden ikinji bir ýere göçüp gelen adam. Bahana gytmy näme, gelmişek diýersiň. Dumly-duşdan timisgenip gelen açmaňyz gelmşiekler halkyň ganyny sorup, tylla ýygnaýarlýr.(B. Kerbabaew, Aýgytly ädim). GELNALYJY, Dabaraly ýagdaýda gelin getirmäge gidýän we alyp gelýän adamlar (aýallar). Her halda,ondan-mundan jemlenip, on bäş möçberli atbaşçy ,şonça-da gelnalyjy toplandy. GELNEJE, 1. Özüňden uly erkek doganyň gelnine degişlilikde ulanylýan söz. Jeren ol aýaly görüp ýygrykdy-da Saparyň gelnejesi gelýär diýip, sülmürmmäge başlady (A. Durdyew, Saýlanan eserler). 2. Özünden ulynyň aýalyna ýüz tutulyp aýdylýan söz. GELŞIK, Görk, owadanlyk, ýaraşyk. Obanyň gelşigi gowy. GELŞIKLI, Görmegeý, owadan, ýaraşykly. Onuň ýaňagynda emele gelýän çukanaklar Begenjiň gözüne Aýsoltanyň has gelşikli bir gyz edip görkezýär (B. Kerbabaei, Aýsoltan) GELŞIKLILIK, Owadanlyk, görmegeýlik, ýaraşyklyk. GELŞIKSIZ, 1. Görmeksiz, betgelşik, ýaraşyksyz. Potdynyň gözleri çukur, gelşiksizdi (B. Kerbabaew, : Aýsoltan). 2. Aýyp, ýerliksiz, ýaraşyksyz. Bu teklip bilen il içine çykmak onuň üçin gelşiksizdi («Kolhoz günleri»). GELŞIKSIZLIK, 1. Owadan dällik, görmegeý dällik, görmeksizlik, ýaraşyksyzlyk. 2. Aýyplyk, ýerliklizlik, ýaraşyksyzlyk. Gelşiksizlik bilen edilen iş bolupdyr. GELŞIRMEK, 1. Gelşigine getirmek, ýaraşykly etmek. 2. Bir zady ýerinde goýmak, laýyk getirmek, oňarmak. Gapyny gelşirip, ýerine oturtdym. 3. gepl .d. Degerli urmak. Çekgesine gelşirmek. |