SÖZLÜG ,,, G-HARPY;

GEO

GEOBOTA'NIKA,  Botanikanyň ösümliklerniň ýeriň ýüzüne  ýaraýşyny,  üýtgeýşini öwrenýän bölümi.


GE'OGRAF, Geografiýa boýunça spetsialist, geografiýaçy, Uniwersitetiň geograflary kanalyň ugrunda barlag işlerini geçirýärler.


GEOGRAFIK, Geografiýa degişli. Geografik žurnal. Diwaryň ýüzünde geografik karta asylgy dur.


GEOGRA'FIÝA, Ýeri, onuň üst gurluşyny we ondaky janly tebigatyň ýerleşişini öwrenýän ylym. Geografiýa ylmy. Fiziki geografiýa. Ykdysady geografiýa.


GEOGRAFIÝAÇY, ser. G e o g r a f. Gunbatar Ýewropanyň geografiýaçylary Aziýa hakinda özleriniň ylmy işlerinde ruslaryň gürrüňlerindgn peýdalanypdyrlar.(SSSR taryhy).


GEODEZIK, Geodeziýa degişli bolan. Geodezik gural. Geodezik signal.


GEODEZI'ST,   Geodeziýa   boýunça   spetsialist  geodozistler öz işine başladylar.


GEODE'ZIÝA, Ýeriň formasyny, ölçegini öwrenmek  meýdanlaryny ölçemek  bilen  meşgul bolýan

ylym .  Geodeziýa ylmy.


GEOLOG, Geologiýadan spetsialist. Onda näme üçin geolog hem onuň tarapyny tutýar?—  diýip sorady

(B.Purliýew.Ilkinji gün).


GEOLOGIK , Geologiýa degişli.Geologik karta.


GEOLOGIÝA, Ýeriň emele geliş taryhyny, gurluşyny  formalaryny  we gazylyp alynýan peýdaly ýerasty

baýçyklaryny gözläp tapmak metodlaryny öwrenýän ylym "Geologiýa barada ençeme möhüm açyşlar edipdir (Orta asyrlar taryhy).


GEOMETR,  Geometriýadan spetsialist.


GEOMETRIK, Geometriýa degişli. Geometriýa jemi— algebraik jem bilen garyşdyrmaly däl («Fizika

kursy»).


GEOMETRIÝA, Matematikanyň giňişlik formalaryny we ony ölçemegiň düzgünlerini öwrenýän bölümi.


GEOMORFOLOGIÝA, Fiziki geografiýanyň ýer ýüzüniň relьefini, keşbini we onuň ösüş taryhyny öwronýän pudagy.


GEOFI'ZIK,  Geofizikadan  spetsialist.


GEOFI'ZIKA, Ýeriň fiziki häsiýetlerini we onda bolup durýan fiziki protsesleri öwrenýän ylym. Geofizika ylmy.


GEOFIZIKI, Geofizika degişli. Halkara geofiziki ýylynyň döwründe ionosferanyň emele gelşi jikme-jik öwreniljekdir («Sowet Türkmenistany» gazeti).


GEOTSIMIK, Geohimiýadan spetsialist. Geohimikleriň respublikan maslahaty öz işine başlady.


GEOHIMIKI, Geohimiýa degişli. Geohimiki derňew.


GEOHI'MIÝA, Ýerin himiki sostawyny hem-de ýerdäki çimiki elementleriň ýerleşişini, birleşişini öwrenýän ylym. Geohimiýa ylmy.