SÖZLÜG ,,, G-HARPY;

GET

GETIREGEN,  Köp getirýän, köp  hasyl  bitýän.   Getiregen erik.


GETIRILMEK, Alnyp gelinmek, bir ýerden ikinji bir ýere eltilmek, getirip goýulmak. Özüne getirilip berlen telegramma şatlykly göz gezdiren Çernyşow ony Nikolaý Matweewiçe uzatdy (B. Kerbabaew, Aýgyt-ly ädim). Bu sazak gumdan getirildi.


GETIRINMEK, Özüň üçin alyp gelmek, özün üçin getirmek, äkelmek. Bakjadan gawun-garpyz getirinmek. Odun getirinmek. Guýudan suw getirinmek.


GETIRIŞMEK, Getirmäge kömekleşmek, bilelikde getirmek, äkelişmek. Men oňa bir maşyn odun getirişdim.


GETIRMEK, 1. Bir ýerden ikinji bir ýere alyp gelmek, äkelmek.

Suw getiren hem bir, küýze döwen hem(nakyl). Ol magazinden bir halta ak un getirdi.

2. Hasyl bitmek, hasylly bolmak. Bu ýyl üzümimiz ýagşy. getirdi (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde). Miwe awaçlary gowy getiripdir.

* Göz öňüne getirmek — ser. G ö z, Şol ýatlamalaryň içinde, näme üçin-dir, Tähranyň jehennemi göz öňüne getirýän gyzgyn gündizleri we dymyk agşamlary onuň hyýalyndan çykmaýardy (M. Ibrahimow, Ol gün geler).

Sary getirmek — ser. Sary.


GETIRTMEK, Alyp geldirmek, äkeldirmek. Bolmajagyna gözi ýetip, kart getirtdi-de, stoluň üstüne elli sany çerwonyngoýup, kart paýlamaga başlady (A. S. Puşkin, Saýlanan eserler). Odun getirtmek. Suw getirtmek.


GETMAN, Köne wagtda Ukrainada: kazak goşunynyň naçalьnigi we ýokary häkimi. Seni hut getmanyň özi patyşa aýalyň ýanyna çapar edip iberýär (N. W. Go-golь, Eserler).