SÖZLÜG ,,, G-HARPY;

GEP

GEP, 1. Pikir alyşmak üçin sözlenýän söz, gürrüň.Bu günki gep ertirki günüň ýassygy («Türkmen halk

şahyrana döredyjiligi»). Gepiň azy ýagşy, aşyň —duzy (nakyl).

2. göç. m. Esasy iş, mesele. Gep keýigiň ýatyşynda däl, gep mergeniň atyşynda (Türkmen halk

şahyrana döredyjiligi»)

* Gep astynda galmak — köp gürrüň aşagynda galmak, her hili gürrüňiň predmeti bolmak.

*  Gep başyny agyrtmak— bir zat hakynda köp gürrüň etmek, dürli gürrüň etmek.

(A Gowşudow, Köpetdagyň eteginde).

Gep gezdirmek- biriniň gürrüňini ikinji birine aýtmak, gürrüň ýaýratmak.

Gep gozgamak — bir zat hakynda ýaňadan gürrüň açmak.Öňki bir bolan gürrüň, iş hakynda agzamak.

* Gep g ö z l e m e k - bahana agtarmak. yrsaramak. Bahary azdyrýan hem şularyň  biridir, indi hem gep gözläp gelendirler.(A.gowşudow, Köpetdagyň eteginde).


GEPBAZ [gepba:z], Gepe ussat, gep tapmaga ökde. Gepbaz adamlary ýamanlamaga ýalan ýerden hem söz taparlar (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde).


GEP-GEŇSI, Ajaýyp, oňat,  parahat,  allanäme.


GEP-GEŇSILIK, Gülala-güllük, parahatçylyk, allanämelik, oňatlyk. Munda hiç neneňsilik ýok, asyl gep-geňsilikdir («Sowet edebiýaty» žurnaly).


GEP-GÜRRÜŇ, Dürli gürrüň, gep. Halnazaryň gelin ýerine tükeniksiz gep-gürrüň alanyny agzanda, ýene gözüni ýaşardyp güldi (B. Kerbabaew, Aýgytly ädim). Örän gowy, Allaberdi baýdan-a saňa gep-gürrüň ýetýän deldir-dä?! — diýip sorady (A. Durdyew, Saýlanan eserler).


GEPLEMEZEK, Köp geplemegi halamaýan, az gepleýän. Mähri durdugyça geplemezek, dymma boldy (A. Gowşudow, Mähri—Wepa). Olaryň bir näçesi geplemezekdiler (L. N. Tolstoý, Saýlanan eserler). Ine, ol söwdagärleriň ikisi-de Tahyr ýaly geplemezek eken («Sowet edebnýaty» žurnaly).


GEPLEMEK, 1. Sözläp başlamak, bir dilde sözläp bilmek. Naçalьnik ikirjiňlik. bilen gepledi (B. Kerbabaew, Aýgytly ädim). Ol türkmençe gepledi. Hany, gepläp otur, indi näme etmeli? (N. Pomma, Egri eýikmez).

2. Söz sözlemek, çykyp gürrüň etmek. Bir näçe ýoldaşlar çykyp gepläp, şäherkomyň işindäki kemçilikleri tankytladylar («Sowet Türkmenistany» gazeti).

3. göç. m. Bir zatda ýazgarmak, käýemek. Näme, kakaň saňa gepledimi?


GEPLEMSEK, Köp gürleýän, geplemäni halaýan, köp söz sözleýän. Ol indi öňki ýaly geplemsek, alçak. däl-de, az gepli, agras adamdy (B. Pürliew, Ilkinji gün).


GEPLEMSEKLIK, Geplemäge mahsus gylyk-häsiýet, geplemsek boluş. Gusьkowyň geplemsekligi sebäpli aýtdy (L. N. Tolstoý, Saýlanan eserler).


GEPLENMEK, 1. Köpçülik öňünde, ýygnakda söz sözlenmek, gürrüň edilmek.

2. göç. m. ser: K ä ý e l m e k.


GEPLETMEK, I. Söz aýtdyrmak, gürrüň berdirmek. söz sözletmek. Ony gepletjek. boldular.

2. Ýygnakda we ş. m. ýerlerde gürletmek, çykyş etdirmek, söz sözletmek. ýygnakda ony gepletmediler.

3. göç. m. Bir zatda ýazgartmak, käýetmek.

<> I ç  g e p l e t m e k — ser . Ol öz ýanyndan içini gepledip ýatyrdy (B. Kerbabaew, Aýgytly ädim).


GEPLEŞIK, Möhüm meseläni çözmek üçin adamlar arasynda, iki topar arasynda geçirilýän gürrüň, edilýän maslahat. Üç günlük uruşdan soňra tatarlar gepleşik etmäge girişdiler (SSSR taryhy). Şu iki mysalymyzdan ene bilen atanyň gepleşigine mahsus aýratynlyklary görmek bolýar («Sowet edebiýaty» žurnaly).


GEPLEŞMEK, Pikir alyşmak maksady bilen sözleşmek, gürrüňleşmek, biri bilen gürrüň edişmek. Patyşadan gelen ilçi bilen gepleşmek üçin, kazaklaryň ýygnagy çagyrylan ekeni (SSSR taryhy). Bulara ymykly gepleşmek gerekdi (B. Pürliew, Ilkinji gün)


GEPÇI, 1. Gep gezdirýän, gybatkeş. Ýaş ýigide gepçi bolmak ýaraşmaz.

2. Gepe çeper, gürruňçi. Gepçi adam.