SÖZLÜG ,,, G-HARPY;

GER

GERB, Bir döwletiň, respublikanyň we ş. m. döwlet tarapyndan bellenilýän emblemasy, resmi alamatly nyşany. Ol öz döwletine Wizantiýa imperatorynyň iki kelleli garaguş görnüşindäki gerbini özleşdiripdir (SSSR taryhy). SSSR-iň Döwlet gerbi.


GERBAPIÝ, Guradylan ösümlikler kollektsiýasy. Öz ýygnajak, gerbarileriňi aýry-aýry temalara bölmeli («Pioner» žurnaly). Mekdep okuwçylary gerbariý ýygnadylar.


GERBI, Çyrpy, kürte we ş. m. başa atylýan eşikleriň ýeňlerini birikdirýän ala ýüp, alaja.


GERGELEMEK, dial. Bir zady iki bolup götermek, göterip alyp gitmek.


GERGENEK, dial. ser. G a ň r a k.


GERGIT, Guşlaryň ganatynyň eplenýän ýeri.


GERDEN, 1.Boýundan goluň başlanýan ýerine çenli bolan aralyk, iki omzuň aralygy, egin. Ýük götermekden gerdeni ýara bolupdyr.

2. göç. m. Bütin göwre, beden, syna. Dat edýärin bu pelegiň elinden, Gerdenime pelek urdy neşäni (Mollamurt, Saýlanan eserler).


GERDENLEK, Gerdeni ýasy, eginlek. Gerdenlek adam.


GERDIRMEK, Gerip goýdurmak, ýazgyn edip asdyrmak. Ýuwulgy geýimleri gerdirmek. ýüp gerdirmek.


GERDIŞ, kön. s. Döwür, aýlanyş. Elbetde, gerdişi şeýledir-de! (L. N. Tolstoý, Saýlanan eserler).

<> Gepiň gerdişine görä — ýeri gelende, gabat geleni üçin. Men seni hiç oýnajak bolamok, ýöne gepiň gerdişine görä gürrüň etdim (A. Gowşudow, Köpetdagyn eteginde).


GEREGE, 1. Göç wagtynda tärim, uk, çagaryk, öý goşy ýüklenen ýük. Öküzine sygryna bar goşuny gerege edip, çagasyny mündürip barýanlar-da bardy. (B. Ker-babaew, Aýgytly ädim).

2. ser. Ýürek II. Düýeleriň howutlaryna halyklar gerilýärdi, haly geregeler daňylýardy (B. Kerbabaew, Aýgytly ädim).


GEREGIM, Garry aýallaryň ýaşlara ýüzlenip aýdýan sözi. Bu näme hekaýat boldy, geregim! (M. Gorьkiý, Ene).


GEREK, 1. Möhum, zerur, derkar, lazym. Sen uly göwresiň, Baku ýürekdir, Ol bize her zatdan beter gerekdir (A. Kekilow, Saýlanan eserler) Gerek deregi ýykar (nakyl).

2. Mümkin, ähtimal. Olar häzir Garagumuň etegine çykaňlap ýören bolsalar gerek (B. Kerbabaew, Aýgytly ädim). Ana, şol gara çyzyk ýaljak süýnmejik zat otly bolsa gerek (B. Kerbabaew, Aýsoltan).


GEREKLEMEK, Bir zadyň ýa-da biriniň gerekdigini, zerurdygyny mälim etmek, islemek.


GEREKLI, Möhum bolan, gerek, zerur, derkar. Diňe gerekli ýerinde degerli söz bilen kanagatlanmak häsiýeti bardy (B. Kerbabaew, Aýgytly ädim).Gerekli daşyň agramy ýok (nakyl).


GEREKSIZ, Möhüm, derkar bolmadyk, gerek däl, lazymy ýok. Şu günler, pagtanyň ak patrak bolup açylan wagty, kömek gereksiz hem däl (B. Pürliew, Ilki ji gün). Sapar gereksiz kagyzlary ýyrtyp taşlady.


GEREK-ÝARAK, Aňry-bäri, gerek zatlar. Başladylar almaga gerek-ýarak şaýlaryn («Mydam taýýar» gazeti).


GERJEŞDIRMEK, Gerişdirip goýmak, dartyşdyryp germek.

* Gaşlary gerjeşdirmek; gaşyňy ýazyşdyrmak. Ene allaniçigsi boldy we zor bilen gaşlaryny gerjeşdirip, ýerinden turdy (M.Gorьkiý, Ene).


GERJEŞIK, 1. Gerlip duran, eýläk-beýläk dartylyp duran.

2. göç. m. Çolaşyk, bulaşyk.


GERJEŞMEK, Gerlip durmak, dartylmak. Enäniň ýüzündeki ýara yzy agardy gitdi we sol gaşy ýokary

gerjeşdi (M. Gorьkiý, Ene).


GERILGI, Gerlip goýlan, asylgy duran, dartylan.Ol gerilgi karta göz gezdirenden sots, Çernyşowa ýü\


GERILMEK, I. Çekilip, dartylyp goýulmak, asylyp durmak. Diwarlaryň ýüzüne uzyn seçekli haly torbalar, haly çuwallar gerlipdir (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde).

2. Çolaşyp durmak, päsgel bolmak.


GERIM, 1. Adamyň, haýwanyň ädiminiň aralygy Hoşgeldi Bahar bilen aýrylyşandan soň, giň gerim bilen ädimlep, öz öýlerine ýetdi (A. Gowşudow, Kepetdagyň eteginde).

Mollada berim bolmaz, ýabyda — gerim (nakyl).

2. Işiň ýaýbaňlygy, işiň baryş depgini, gidiş aýtymy. Maldarlar arasynda agitatsion-köpçülik işiniň gerimini giňeltmeli (Sowet Turkmenistany» gazeti).


GERINJIREMEK, Ýuwaş gerinmek, çala gerinmek, gernip durmak. Pawel Andreewiç kresloda oturan ýerin-de gerinjiredi (M. Gorydaý, Eserler). Aman gerinjiräp, başyny ýassykdan galdyryp: — Eje, daşýary çykda, bir güne seret! — diýdi («Kolhoz günleri»).


GERINMEK, Ýadawlyk we ş. m. zerarly göwre we gol damarlaryňy ýazyşdyrmak, elleriňi ýazgyn uzadyp aşak-ýokaryk hereket etdirmek. Ol uludan dem alyp,soňra gerindi (R. Seýidow, Bagtlylar


GERIŞ, 1. Boýnuň çykýan ýeriniň ýeňse tarapy; kebze ýagyrny. Mawynyň gerşine gamçy degenden soň, Ganyn, alty erkegi öz çatmasyna bakan sowanyny gürrüň edende, hahahaýlap güldi. Garry-gartaň yza galanlaryň gerşinde -gamçy. oýnady (B. Kerbabaew, Aýgytly ädim)

2. Gumuň, dagyň eşegarna bolup gidýän ýeri, egin. Gün Köpetdagyň beýik gerşini gyratlapdy (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde


GERIŞDIRMEK, Gerip çykmak, hemmesini germek. Ýuwulgy geýimleri gerişdirmek.


GERIŞMEK, Germäge kömek etmek, bile germek, gerşip bermek. Ol maňa diwara haly gerişdi.


GERK-GÄBE: gerk-gäbe bolmak — gaty doýmak, örän oňat doýmak. Palawy bokurdaklaryna çenli iýip, gerk-gäbe boldular (N. Pomma, Taýlak hyzzyn).


GERMEW, Ýoly, gädigi we ş. m. beklemek üçin ýa-da bir zadyň daşyna aýlaw etmek üçin germelýän, keseligine goýulýan zat, predmet. Daýza böküp germewden geçdi (A. P. Çehow, Saýlanan eserler).


GERMEWAÇ [germewa:ç], Germew. Gapa germewaç giräý!


GERMEK, 1. Çekip, dartdyryp asmak, ýazyp goýmak,ýazmak. Olar köne kilimlerden gerip, çadyra meňzeýän bir zat düzedip, içine stol goýupdyrlar (M. Ibrahimow, Ol gün geler).

2. Iki tarapa uzatmak, ýaýmak(ganat, gol we ş. m. hakda). Asmanda ganatyn gerýär somoliot (Ata Salyh, Saýlanan eserler).

* Gulak germek — ser. G u l a k. Şagyrdynyň peýda bolan tarapyna üşerilişdiler we gulaklaryny gerdiler (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde).


GRRMELEMEK , Bip zada päsgelçilik üçin keseligine goýulmak, ýaýrap, biri-biriniň içinden geçmek, gemäp goýulmak, çekilmek. Iki egniň üstüne germelen gowaçanyň astynda galpyldaýan Begençdi (B. Kerbabaew.Aýsoltan).Gapynyň içinden taýak germelipdir.


GERMEMEK , Her ujuny bir ýere ildirip, kese goýmak,çekmek. Pasekanyň ýerleşýän ýerine mal    girmez ýaly agaç germeleýärdiler.(I. Şakalow, Türkmenistanyň öňde baryjy  pasekasy)


GERMESATAN:   germesatan etmek—1) elinden – ayagyndan tutp  götermek.

2)      köpläp düýt-müýt etmek.üç sany  it bir möjegi ara alyp, germesatan edip çelkeleýärdiler (A.   Gowşudow. Köpetdagyn, eteginde).


GERMEÇ, 1. ser. Germew.

2. Öýüň gapysynyň aşak çetine germelýän agaç. Gapydaky germeç garyp işiginiň gadyrly myhmany bolup ýatyrdy (B. Kerbabaew, Aýgytly ädim).

<> Germejine çekmek—arkasyna, ýagyrnysyna urmak. Baryp onuň germejine çekip bilmedim (N. Pomma, Egri eýikmez).

Germe bolmak—bir işe, täzelige böwet bolmak, garşy çykmak, päsgel bermek. Sen, Pökgen, biziň ileri gitmegimiziň, medeniýetli bolmagymyzyň öňüne germeç bolýan ters pikirli buýrukçy baýar (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde).


GERMEÇLEMEK, Gaty-gaty ädimlemek, ýöremek. Ýaňky çaşy adam ellerini jübüsine sokup, bir tarapa germeçläp gadam urdy (M. Gorьkiý, Ene).


GERMEŞDIRMEK, Germäp çykmak, hemmesini germemek. Üstüne agaç germeşdirip, syza, selin bilen basyryp suwaýardy (A. Gowşudow, Powestler we hekaýalar).


GERMEŞIK, Keseligine germelip goýlan, dartylan.


GERMEŞMEK, 1. Germelip durmak, iki zadyň arasynda dartylyp durmak, keseligine ilişip durmak. Agaç germeşip dur.

2. Ilişip galmak, germelip, geçmän durmak (bogazda we ş. m. ýerde). Bokurdakda germeşip galmak.


GERŇEMEK, Her haýsyň bir ujundan tutup götermek. Putluk daşyň gulpundan taýak ildirip, iki kişi gerňäp alyp gitdi. .


GERT, Un üwelen wagtynda tozap düşýän un kirşeni, çaň, tozan. Degirmene girseň, üst-başyňa gert siňýär. Degirmeniň, kilwany ýaly onuň  kirpiklerine çenli gert örtülüpdi.


GERTDIRMEK, 1. Boýnuňy süýndürip çekmek, dartdyrmak.

2. Kelläni, boýny arkan gaýşartmak (mal hakynda). Göle gertdirip, nogtasyny dartdy (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde).


GERTS,  Yrgyldy  tizliginiň   ölçeg birligi.


GERTSOG,  Günbatar  Ýewropada:  hökümdar  knýazlaryň ýa-da ýokary dworýanlaryň tituly we şol titully şahs. Bu  iri  feodallara gertsoglar  we  graflar diýlip  at berlipdir  (Orta asyrlar taryhy).


GERÇE, kön. s. Her näçe, meger, eger. Gerçe sözüň ýalany bar, Gözi ýolda galany bar («Görogly» eposy).


GERÇEK I. 1.  Ruhanylar  tarapyndan   «keramatly, güýçli» diýlip sylanýan ,adam. Oňa işanyň özi gadymy «gerçekleriň» adyndan ybarat Abdylkerim diýen at goýupdyr (N. Pomma, Taýlak hyzzyn).

2. Uly, dogumly, goçak. Ýigrimi iki ýaşly gerçek. oglunyň keşbi gözüniň öňünde uçganaklaýar   («Sowet edebiýaty»  žurnaly). Eý mähirli nowjuwan, gerçek goç ýigit!    («Gerogly» eposy).