SÖZLÜG ;   I- HARPY;

INÇ

INÇE [i:nçe], 1. ÝOGYN däl, ýogyn bolmadyk. Ol şeýle inçe sapagyň-da üzülenini derrew bilýär («Sowet edebiýaty» žurnaly).

2. Belent, ýiti (ses hakda). Onuň sesi örän inçe.

3. Nepis, näzik. Halnazar olardan inçe çekmenlik alypdy (B. Kerbabaew, Aýgytly ädim).

4. Çylşyrymly, kyn. Ol inçe zatlara oňly düşünmeýän yňdarma bir adamdy (B.  Kerbabaew,  Aýgytly ädim).

5.   ser.   Inçekesel.

<>  Inçe    çekimli   gram.— ser. Ç e k i m l i.


INÇEKESEL [i:nçekesel], med. Koh taýajyklary diýlip atlandyrylýan mikrob arkaly döreýän hem-de öýkene, süňke, bogunlara, içegä zyýan ýetirýän ýokanç kesel. Doktor onuň inçekeselişi barlygyny aýdýardy («Piýoner» žurnaly).


INÇEKESELLI [i:nçekeselli], Inçekesel bilen syrkawlan.


INÇELEMEK [i:nçelemek],   ser.   I n ç e l t m e k.


INÇELI-ÝOGYNLY [i:nçeli-ýogy:nly], 1. Inçe we ýogyn gatyşykly.

2. Belentli-pesli. Onuň gapdalyndan inçeli-ýogynly gülki sesleri eşidilýärdi (A. Gowşudow, Powestler we hekaýalar).


INÇELIK [i:nçelik], 1. ÝOGYN dällik. 2 Belentlik, ýitilik (ses hakda). Bagşynyň sesi birneme inçelik edýär. 3. Nepislik, näziklik. Inçelik bilei dokalan haly. 4. Çylşyrymlylyk, kynlyk.


INÇELMEK [i:nçelmekg], 1. Ýogynlykdan inçe hala gelmek, inçe bolup başlamak. Ol çylgamlar gitdikçe inçelip, ahyr soňy çölde ýitip gidýär («Sowet edebiýaty» žurnaly).

2. Horlanmak, arryklamak. Onuň doly göwresi elip ýaly inçelip, gapyrgasy garnyna ýelmeşdi (B. Kerbabaew, Aýgytly ädim).


INÇELTMEK [i:nçeltmek], 1. Bir zady ýonup, rendeläp we ş. m. ýol bilen inçe hala getirmek. Ussa tamdyranyň sapyny birneme inçeltjek bolup, aýna bilen gyryp başlady.

2. Horlatmak, arryklatmak. Ol inçekeseliň ýaş organizmi inçeldip aljagyny hem unutmaýardy (B. Kerbabaew, Aýgytly ädim).


INÇEMIK [i:nçemik], 1. Onçakly inçe bolmadyk, ýogyn däl, inçeräk, Iki ýyllyk narlar, injirler heniz miwe getirmän ösüp barýap ýaş çaga ýaly, inçemik boýlaryny ýaňy ýetiripdirler (B. Kerbabaew, Aýsoltan).

2. Onçakly ýogyn däl, agaç etli, inçesagt (adam hakda). Inçemik bir oglan meniň gözümiň öňüne gelýär. Aýyň ýagtysy düşüp duran garamtyl inçemik ýüzüni ýoldaşlaryna tarap öwürdi («Sowet edebiýaty» žurnaly).


INÇESAGT [i:nçesagt], Inçeden gelen sagdyn, agaç etli. Kombaýnda keltejik inçesagt oglanjyk peýda boldy («Kolhoz günleri»). Sähet Kakajykow, indi altmyş ýaşyna ýeten inçesagt ýaşuly bolsa-da, oňa garry diýer ýaly däl («Sowet edebiýaty» žurnaly).