SÖZLÜG ;   I- HARPY;

INT

INTEGRAL, mat. Özüniň çäksiz ownuk bölekleriniň jemi hökmünde garalýan  bitewi san,  bitewi ululyk.


INTELLEKT, Akyl ýetirijilik ukyby, paýhas.


INTELLEKTUAL, Akyl ýetirijilik ukyby, paýhasy bar bolan intellekte degişli.


INTELLIGENT, Ingelligentsiýa gatlagyna degişli bolan adam. Hormatly intelligent, ýurtda gozgalaň turaýsa, siz haýsy tarapda bolarsyňyz: halk bilenmi ya-da oňa garşy (B Kerbabaew, Aýgytly ädim). Ýazyjylar bu duşuşyklaryň hemmesinde intelligentlere gürrüň berdiler («Sowet Hürkmenistany» gazeti).


INTELLIGENTSIÝA, Ylmyň, tehnikanyň we medniýetiň dürli pudaklary boýunça ýörite bilimi akyl zähmeti bilen meşgullanýan sotsial gatlak. Oba intelligenňiýasy  üçin ýaşaýyş  öýleriniň 500 müňsi guruldy («Sowet Türkmenistany»  gazeti).


INTENDANT, harby Intendantlyk gullugynyň harby işgäri. Inçejik kümüş pogonjykly, heniz peti ayrylmadyk täp-täzeje papakly iki sany intendant bardy.(«Sowet edebiýaty» žurnaly). Ol Hojamyrat wolostunoýnyň intendant gullugynda furažur bolup işleyänini eşitdi (B Kerbabaew, Aýgytly ädim).


INTENDANTLYK, I Harby bölümleri we goşuny hojalyk enjamlary bilen üpjün edýän harby gurama. 2. Intendantyň wezipesi, ýagdaýy.


INTENSIW,   1. Güýçli, ýokary derejeli Intensiw  zähmet.

  1. oba h.  Iň ýokary öndürijilik berýän.


INTERWAL, 1. Bir predmet bilen ikinji bir predmetiň arasyndaky boşluk, aralyk, uzaklyk.

2. fiz. Sazç. Iki sesiň aralygyndaky belentlik tapawudy.


INTERWENT, syýasy.  Interwentsiýany guran ýa-da oňa gatnaşyjy. Intereentler biziň ýurdumyza näme üçin bagyrlaryny gerýärler. Iňlis interwentleriniň goşuny. Meniň eşidişime görä, biziň araçägimize aýak basyar.(B.  Kerbabaew, Aýgytly ädim).


INTERWENTSIÝA, syýasy. Bir ýa-da bir näçe ýurtlaryň başga bir ýurduň içki işlerine güýç bilen garyşmagy (Territopiýa almak, rewolýuňiýany ýa-da milli-azat ediş herketleri we ş. m ýatyrmak maksady bilen). Interwentsiya zerarly tozdurylan oba hojalygy gallanyň öndürişini kemeltdi   («Sowet Türkmenistany»    gazeti).

Interrwentsiýanyň guran «Jemgyýeti goraýyş» komiteti dargady (B. Kerbabaew, Aýgytly ädim).


INTERWÝU', Korrespondentiň syýasy we jemgyýetçilik işgäri bilen çapa taýýarlanan gürrüň, şonuň ýaly-da gürrüňi  beýan edýän  gazet   makalasy.


INTERMEDIÝA, Drama ýa-da opera eserleriniň perdeleriniň arasynda we ş. m. ýagdaýda ýerine ýetirilýän komiki häsiýetli goşmaça sahna ýa-da pьesa.


INTERNA'T, Okuwçylar üçin okuw jaýynyň ýanyndaky umumy ýatakhana. Aýnur eje çagalaryny internada ileşdirendigini aýtdy   (N.  Pomma, Taýlak hyzzyn).


INTERNATSIONAL, 1. Halkara birleşik. 2. Sowet soýuzynyň  Kommunistik  partiýasynyň  gimni, halkara proletariat gimniniň ady. Göwnüň göterilip joşdugyň zaman. «Internatsýonaly» çalgyň tüýdügim! (Ş. Kekilow, Saýlanan eserler) .


INTERNATSIONALIZATSIÝA, Bir zady internatsýonaliňky, halklaryň arasyndaky diýip biliş, haýsy hem bolsa bir territoriýany, derýany we ş. m. peýdalanmakda döwletlere deň hukuk beriş.


INTERNATSIONALIZIRLEMEK, Bir zady internatsonala degişli etmek, halkara peýdalanmak mümkinligini yglan etmek, makullamak.


INTERNATSIONALIZM, Kapitalistik gurluşy ýykmak hem-de kommunizm gurmak ugrundaky göreşde proletariatyň halkara birligi we raýdaşlygy; ähli halklaryň deň hukuklylygyny we azatlygyny gorap saklamaklyk, dostluga we birek-birege kömek bermek-de, şowinizme we milletçilige garşy göreş. Biziň ýazyjylarymyzyň proza, poeziýa, drama eserleri sowet adamlaryny internatsýonalizm ruhunda terbiýeleýär («Sowet Türkmenistany» gazeti) . Onda özüniň azatlygy ugrunda türkmen halkynyň göreşi baradaky tema proletar internatsýonalizmi temasy bilen utgaşýar ((«Sowet  edebiýaty» žurnaly).


INTERNATSIONALI'ST, Internatsýunalizmiň tarapdapy.


INTERNATSIONALISTIK, Internatsýonalizme esaslanan, internatsýonalizme has bolan. Olar işçiler synpynyň ýeke-täk internatsýonalistik partiýasynyň bolmagyny islemeýärdiler («Sowet Türkmenistany» gazeti).


INTIZAR [intiza:r], Görmäge zar, gözi ýolda, garaşýan.

Onuň intizar gäzleri ýaňky gelniň giren gapysyna dikildi («Sowet edebiýaty» žurnaly). Onuň göwnüne goýunlaryň oty gutaryp, olar sowuk howada mälemäge ýaraman, agyzlaryny açyşyp,  öz  ýoluna  intizar bakyşyp duran ýalydy («Kolhoz günleri»).


INTIZARLYK, [intiza:rlyk], Intizar bolmaklyk, uzak garaşmazlyk, göz dikip durmaklyk.


INTILEMEK,  Bir zada üns bilen seretmek, köp garaşmak. Onuň intilýän ýerinde agaç bölejiginiň ýatandygyny gördi. («Sowet Türkmenistany» gazeti).


INTONATSIÝA, Gepleşigiň sazlaşykly, mylaýym heňli  gurulyşy,  geplenende äheňiň, sesiň ýokary galyp we aşak düşüp gezekleşip durmagy. Olar originalyň intonatsiýasyny emotsiýonal güýjüni berip bilipdir («Sowet edebiýaty»žurnaly).


INTRITA, edeb. Romanda, dramada esasy hereketiň ösmegi.