SÖZLÜG ;   I- HARPY;

INI

INI, 1. Özüňden ýaşy kiçi bolan süýtdeş erkek dogan we doganoglan. Aý, meniň bir öwerlikli kärim ýokdy, meniň agam, inim ylymly alym, hünärli bolup gitdiler, men bolsam bihepbe çykdym (A Gowşudow, Mährn—Wepa). 2. Özüňden ýaşy kiçi adama ýüz tutulyp aýdylýan söz. Biziň günämizi ötüň, inim. (B. Kerbabaew, Aýgytly ädim) Wah, inim, Illi jan meniň janym jähennem bazaryna gidip barýar (N. Pommz, Taýlak hyzzyn).


INN-BOÝY [i: ni:boýy], Bir zadyň keseligi we uzynlygy.

Gowaçanyň bir näçesi entek inini-boýuny kemally almandyr. Biriniň ini-boýy bolanok, garaz gepiň gysgasy, öz obamyzda synym oturýan ýeke gyz bar (B. Kerbabaew, Aýsoltan).

<> Inini-boýuny des--deň etmek — pugta urmak, ýençmek, käýemek. Kakaň bir gelsin bakaly, seniň iniňi-boýuňy des-deň etdirin (A Gowşudow, Saýlanan eserler).


INITSÝATIWA, 1. Işiň täze görnüşine bolan içki hyjuw, başlangyç. Ýüpekçilik brigadasyny döretmek diýmek halkyň intsiatiwasyny ýatyrmak diýildigi däl-dir («Sowet edebiýaty» žurnaly) 2. Haýsy da bolsa bir işde, hereketde ýolbaşçylyk rolь, görelde.


INITSIATOR, Bir zatda öz initsiatiwasyny görkezip, başlangyç hereket edýän adam, bir zadyň başyny başlaýjy. Biziň şöhratly paýtagtymyz Moskwanyň komsomollary örän gowy initsiatorlar bolup çykyş edýärler. Köp müňlerçe aýallar zähmet usullarynyň initsiatorlarydyr («Sowet Türkmenistany» gazeti).


INIŞ [i: niş ], Aşak tarapa bolan ýapgyt, eňňit, inelge. Gerişden aşak inişden guýrugyny hilelik bilen bulaýlap gelýän köpek gele-gelmäne süre kürsäp urýar («Soweg edebiýaty» žurnaly).