SÖZLÜG ;   I- HARPY;

INS

INSIZ [i:nsiz], Inli däl, ini gysga, keseligine ini uly bolmadyk. Ýörelýän ýoda bolsa gaty insizdi (A. Gowşudow, Mähri—Wepa).


INSPEKTIRLEMEK, Bir işiň, hereketiň dogrulygyna gözegçilik etmek maksady bilen barlamak, derňemek.


INSPE'KTOR, Öz garaşly guramalarynyň we işgärleriniň işini barlaýan we kontrollyk edýän wezipeli adam. Inspektor uzak eglenmän mekdepden çykyp gitdi («Tokmak» žurnaly) Ol inspektor bolup işledi.


INSPEKTORLYK, Inspektoryň käri, wezipesi.


INSPEKTSION,   Inspektsiýa  we inspektirlemäge  degişli bolan. Ýakyn wagtda komissiýanyň göçme inspektsiýon toparlarynyň ikisi şol punktlara ugrajak («Sowet Türkmenistany» gazeti).


INSPEKTSIÝA, 1. Bir zady inspektirlemek işi bilen meşgul bolýan edara, gurama. Oblast döwlet söwda inspektsiýasynyň işgäri barlag netijesinde aşakdakylary ýüze çykardy («Sowet Türkmenistany» gazeti).

2. Derňew, barlaýyş.


INSTANTSIÝA, Dewletiň biri-birine garaşly bolan edara ediji, partiýa, profsoýuz we ş. m. organlarynyň sistemasyndaky yzygiderli basgançak. Aşaky we ýokarky instantsiýa.


INSTI'NKT, Dogrudan-dogry öz erkine däl, isleg boýunça maksada laýyk hereketleri etmeklige bolan meýil, gylyk. Dogry. ýola goýlan fiziki terbiýe çagada jynsy instinktiň wagtyndan öň ýüze çykmagynyň öňüni alýar (I. T. Ogorodnikow, P. N Şimbirew, Pedagogika).


INSTINKTIW, Instinkte has bolan instinkt boýunça. Instinktiw edilýän hereket.


INSTITUT, 1. Käbir ekary okuw jaýlarynyň we ylmy edaralaryň ady. Men Moskwadaky söwda institutyna gitjek («Tokmak» žurnaly). Meniň okuwymy gutaryp, instituta gitmek arzuwym bar (N. Saryhanow, Saýlanan eserler).

2. Bellenen dowam edip gelýän ýörelge, däp-düzgün.


INSTRUKTA'Ž, Ýolbaşçylyk häsiýetli görkezme, gollanma, instruktsiýa. Aýna işläp çykarmak boýunça instruktaž berilýän ýerde orta tehniki bilimli adamlar işlejekdirler. Olar bilen ýygy-ýygydan instruktaž geçirilse, partiýa guramasy işde üstünlikler gazanyp bilerdi («Sowet Türkmenistany» gazeti).


INSTRUKTIW, Ýolbaşçylyk häsiýeti bolan instruktsiýa berýän Saýlawlar geçirmek hakynda Ukaz çykap badyna agitkollektiwiň instruktiw maslahaty boldy .(«Sowet Türkmenistany» gazeti).


INSTRUKTIRLEMEK,   Ýolbaşçylyk  häsiýetli görkezme bermek, instruktsiýa bermek.

INSTRUKTOR, Instruktirlemek işi bilen bolýan adam, instruktsiýa berýän adam. 1949-njy ýyldan bäri bolsa Ogulbibi seriýa instruktory bolup işleýär. («Sowet edebiýaty» žurnaly). Taýýarlanyp yetişdirmen instruktorlaryň birentegi mekdeplerde, kružok işlerinde uly çeäreleri geçirdiler .(«Sowet Türkmenistany» gazeti).


INSTRUKTORLYK, Instruktoryň wezipesi, käri. Men 1932-nji ýylda seriýanyň instruktorlygy wezipesine bellendim  (N. Saryhanow, Saýlanan eserler). MTS zonasy boýunça instruktorlyga   bellenildi («Tokmak» žurnaly).


INSTRUKTSIÝA, Haýsy-da bolsa bir işi ýerine ýetirmäge degişli bolan görkezmeleriň, düzgünleriň jemi. Kazak  komandowaniýesiniň şol missiýadan instruktsiya alan ýigrimi ofitseri häzir Hywa, Buhara gaýdy (B. Kerbabaew, Aýgytly ädim).


INSTRUME'NT, Bir işi ýerine ýetirmekde ulanylyan el guraly, esbap, şaý. Brigadany traktorlar üçin gerek bolan zapas şaýlar bilen instrument bilen üpjün edýärler   («Sowet Türkmenistany»   gazeti).

Medikamentleriň, meditsina enjamlarynyň we  instrumentleri öndürilişi  barha artdyrylýar.


INSTRUMENTAL, teh   Instrument we ş. m. taýýalaýan, instrumente degişli bolan  Köp adam instrumental zawodynda işçi bolup işleýär. Ton, instrumental ussahanalaryň  işçileri-de    wagonçylaryň  talabyny goldadylar  («Sowet Türkmenistany» gazeti).


INSTRUMЬNTÇI, Instrument ýasaýan spetsial Instrumentçi işçilerden Medwedew öz tejribeleri  hakynda gürrüň berýär («Sowet   Türkmenistany» gazety).


INSTSENIRLEMEK, Edebi eserleri teatrda goýmak ýa-da kinoda görkezmek üçin düzetmek, laýyklaşdyrma sahnalaşdyrmak.


INSTSENIROWKA,  Instsenirlenen sahnalaşdyrylan eser, sahnalaşdyryş protsesi.