SÖZLÜG ;   I- HARPY;

INE

INE, Ynha, şu, Ine, bu meniň gije-gündiz ýatman azynda ser-sepil bolup ýören eserim ( N Saryhanow , Saýlanan eserler) Ine, işden çykyp öýe gelýäň işiň ulusy onsoň başlanýar («Sowet edebiýaty» žurnaly) .


INE-GANA [i ne-ga:na], Arkaýyň alňasaman, howlukman. Men şol iki ýarym aý içinde ne arkaýyn iýip-içdim, ne-de ine-gana ukymy aldym (B Kerbabaew, Aýsoltan) Barýançak hemme zatlar hakynda ine-gana gürleşeris (B Seýtäkow, Moskwanyň ýalkymy).


INE-GANALYK [i:ne-ga:nalyk], Arkaýynlyk, howlukmazlyk, alňasamazlyk.  Ol gyzlaryň öý bezeşlerine ine-ganalyk bilen syn edýärdi (N.Sarykanow, Saýlalanan eserler).


INEDÖRDÜL [i:nedö:rdül],  1.Dört tarapy hem biri-birine deň kwadrat görnüşli, kwadrat görnüşinde. kwadrat şekilli Inedördül tamyň bir dulundaky ýüzi owadan nepis  nagyşly. Mary sandygynyň üstünde münder-münder edilip ýorgaplar, per ýassyklar galdyrylypdy (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde). Gowaça  inedördül  gemiklenip ekildi   («Kolhoz    günleri») 2. göç. m  Gysga boýly, semiz, togalak. Garaýagyz, inedördül çopan aýak üstünde durdy  (B.Kerbabaew,   Aýsoltan).


INELGE [i:nelge], Aşak düşülýäň aşak inilýän ýer. aşak düşer ýaly ýapgyt ýer.


INEN; Enelik jynsy bar bolan urkaçy (düye barada). Halnazar olardan bir näçe inen düye alypdy.( B. Kerbabaew, Aýgytly ädim).


INER, zool Arwana bilen bugradan bolan erkek mal. Özi bolsa inere münüp, beýleki süriniň yzyndan gitdi (B. Seýtäkow, Moskwanyň ýalkymy).

Hatarda ner bolsa, ýük ýerde galmaz (nakyl).


INERTSIÝA, fiz. Jisimleriň öz asuda ýagdaýyny ýa-da hereketini daşky güýjüň täsiri ýetýänçä saklap  ilmegi Aristotelь tarapyndan inertsiýa kanuny ýazylypdyr. («Mydam taýýar» gazeti). Jisimleriň öz hereketiň tizligini öz-özüniň üýtgetmän saklamak häsiýetine inertsiýa diýilýär  («Fizika kursy»).