SÖZLÜG ;   I- HARPY;

INF

INFEKTSION,  Infektsiýa has bolan ýokanç.


INFE'KTSIÝA, med. Kesel dörediji mikroorganizmleriň organizme aralaşmagy, ýokanç kesel mikroby.


INFINITIW, gram. Işligiň nämälim formasy.


INFORMATOR, Informatsiýa geçirýän adam, informatsiýa berýän adam, habardar ediji.


INFORMATSION, Informatsiýa degişli bolan, has bolan. Kolhoz radýouzeli brigadalarda pagta ýygymynyň barşy hakyndaky swodkany, bir näçe informatsýon makalalary berdi («Sowet edebiýaty» žurnaly).


INFORMATSIÝA, Işiň, bir zadyň hal-ýagdaýy barasynda berilýän habar, maglumat. Sazçylyk uçilişesini gutarýanlar Radýo informatsiýa uprawleniýesine işlemäge gitjekdirler. Maslahatda Tarasowyň informatsiýasy diňlendi («Sowet Türkmenistany» gazeti).


INFORMBÝURO', Informatsýon býuro, informatsýon habar berýän býuro. Ýöne welin kommunistik we işçiler partiýasynyň informatsýon býurosy döredilmezden hem öň, ylmy kommunizm dowam edýärdi ahyryn («Sowet Türkmenistany» gazeti).