SÖZLÜG ;   I- HARPY;

IND

INDEW, Künji ýaly dik ösýäň sary gülli, dänesin-den ajy ýag alynýan birýyllyk ösümlik.

Indew suwaran ýaly (nakyl).


INDEG, ser  I d e g 2.


INDEKS, 1. Bir zadyň ady ýazylan spisok, at ýazgylary, görkezgiç.

2. Bir zadyň tsifra boýunça görkezgiji. Senagat önümçiliginiň indeksi.

3. mat. Köplenç uly harpyň aşak çetinde goýulýan san ýa-da harp alamaty.


INDELMEK, Ideg, indeg edilmek, habar tutulmak, sorag-ideg edilmek, soralmak. Gel diýp indelmedik ýere, Galkyçyp baryjy bolmaň («Görogly» eposy). Indelmezden gelen myhmany hem şeýle gahar bilen garşylaýmasa ýagşydyr (N. Saryhanow, Saýlanan eserler).


INDEMEK, 1- Biri ýa-da bir zat barada aladalanmak, ynjalyksyzlanmak.

2. Birini ýa-da bir zady idemek, sorag-ideg etmek, gezlemek.


INDEMIR [i:ndemir], Dokalýan matanyň inini kadaly saklamak üçin matanyň gyrasyna dürtülýäň iki ujy demirli agaç taýajyk.


INDERIŞMEK [i:nderişmek], Ýokardan aşaklygyna göýbermäge kömekleşmek.


INDERMEK [i:ndermek], 1. Bir zady ýokardan aşaklygyna batly göýbermek. Olar kätmenlerini inderip, ýokary göterýärdiler («Kolhoz günleri»).

2. Ýumruk ýa-da başga zat bilen urmak.

3. göç. m. Biriniň üstünden düşmek. Görýän weli, ol seniň üstüňden inderip başlasa gerek.


INDERTMEK [i:ndertmek], 1. Bir zady ýokardan aşaklygyna batly göýbertmek.

2. Birini urdurmak. Ol: — Sen gowuja gez, ýogsam kelläňe tokmak inderde-rin — diýdi.

3. göç. m. Biriniň üstünden birini  tankyt etdirmek.


INDI, 1. Şu wagt, häzir, şindi. Hany, indi sesiňizi goýuň-da, gulak asyň!  (A. Durdyew, Saýlananler).

2. Mundan buýana, mundan beýläk. Gel, indi ikimiz hemişelik dost bolaly  (Myraly). Garaz, indi siziň ýanyňyzda men agzymy açmaly däl-de!  (B. Kerbabaew. Aýgygly ädim).


INDIWIDUAL, Indiwiduuma has bolan. Sotsialistik realizm her bir ýazyjynyň döredijiliginde indiwidual aýratynlygyň bolmagyna ýol açýar («Sowet ebiýaty»  žurnaly).   Olaryň häsiýetlerinde indiwidiual aýratynlyk bar («Görogly» eposy).


INDIWIDUALIZM, Bir şahsyň bähbitlerini  jemgyýetiň bähbitlerine garşy goýýan buržuaz dünýe- garaýyş. Buržuaz edebi betnebisliginiň we indiwidualizminiň tersine, sotsialistik proletariat partiýaly edebiýat printsipini öňe çykarmalydyr («Sowet edebiýaty»  žurnaly).


INDIWIDUALIST,   Pikirinde  hem-de   hereketlerinde  indiwidualizmiň   tarapyny  tutýan   adam, beýleki adamlardan aýry tutýan adam.


INDIWIDUALLYK,  Bir  şahsyň, hadysanyň beýlekilerden aýratynlykda bolan häsiýetleriniň toplumy,  aýratynlygy.  Ol olaryň her birini özüne has bolan indiwiduallyk bilen görkezýär («Sowet edebiýaty» žurnaly).


INDIWIDUUM, Aýratyn şahs, özbaşdak organizm!

INDI-INDILER,   Hut   häzirki  wagtda, tüýs şu wagtlar,  şindi. Indi-indiler hem  esgerlere    gözi kaklyşanda, olara  parhsyz  garap   bilmeýärdi  («Sowet edebiýaty» žurnaly).


INDIKATOR, 1. Bug maşynlarynyň tsilindrindäki basyşy, güýjenmäni we ş. m. ölçemek üçin ulanylýak gural. 2. him. Himiki reaktsiýanyň gutarandygyny görkezýän madda, reaktiw. Indikatorlaryň bellenek atomlarynyň girizilmegi ösümlikleriň ýapraklarynda köküne tarap hereket edýän organiki jisimleriň bardygyny ýüze çykardy («Sowet Türkmenistany» gazeti).


INDIKI, Geljek, geljekki, soňky. Artyk türme girende, ýeke bolsa, çykanda, doganly bolup, onuň bilen indiki duşuşyga çenli çynlakaý hoşlaşdy (B. Kerbabaew, Aýgytly ädim). Indiki mejlis şu ýylj 6--njy fewralyna bellendi. («Sowet Türkmenistany» gazeti).


INDIKILE, Indiden beýläk, mundan beýläk, mundan buýana, geljekde. Alýoşa, indikile şunuň ýaly bolanda, maňa söz hem aýtma-da, ýöne böwrüme hütledäý! (B. Kerbabaew, Aýgytly ädim). Indikile alajyny tapsaňyz, traktory bir minut hem saklamajak. boluň! («Sowet edebiýaty» žurnaly).


INDIRMEK [i:ndirmek], Sürüp, kowup, belli bir ýeriň üstünden alyp gelmek. Sygyrlarymy derrew toplap, ýüzümi oba tarap göneltdim we obanyň ýokary çetinden çanňjardyp indirdim (A. Durdyew, Saýlanan eserler).


INDIRTMEK, Sürdürip, kowduryp, belli bir ýeriň üstünden eltdirmek.


INDONEZIÝALYLAR, Indoneziýanyň, esasan Malaýýa halklaryndan hem-de taýpalaryndan ybarat ýerli ilatynyň umumy ady.


INDUKTIW, Induktsiýa degişli bolan induktsiýa esaslanan. Induktsion generatorda iki sany esasy bölek bar: magnit meýdanyny emele getirýän bu bölege iduktiw diýilýär («Fizika kursy»).


INDUKTSIÝA, 1. fiz. Elektrik we magnit energiýasynyň jisimlere bolan täsiri. Elektrostatiki induktsiýa. 2. filos. Hususy ýagdaýlardan faktlardan umumy netijeler çykaryş, pikirlenme.


INDUSLAR, kön.s .Hindistanyn ýerli ilatynyň umumy ady.


INDUSTRIAL, Industriýa esaslanan, industriýanyň ösmegi bilen baglanyşykly Sibiriň iň uly industrial merkezi  bolan  Nowosibirsk oblasty öňde baryjy oblastlaryň  biri hasaplanýar. («Sowet edebiýaty» žurnaly). Industrial tehnikumynyň çeper höwesjeňler kolektiwleriniň çykyşlary boldy («Sowet Türkmenistany» gazeti).


INDUSTRIALIZATSIÝA, Senagatyň bir  pudagyna ýa-da bütinleý  hemme pudaklaryna  industrial  maşyn gurluşyk tehnikasyny ornaşdyryş.


INDUSTRIALIZIRLEMEK,  Industrializatsiýa  işini geçirmek.


INDUSTRIALIZIRLENMEK,  Industrializatsiýa işi geçirilmek.


INDUSTRIÝA, Maşynlaşdyrylan tehnikaly zawod fabrik senagaty. Agyr industriýa dynçlygyň daýanjydyr («Tokmak» žurnaly). Industriýanyň täze gigantlary.