SÖZLÜG ;   I- HARPY;

INM

INMEK [i:nmek], 1. Ýokardan aşaklygyna düşmek, aşaklamak. Guşlar gaýyp ýörüşlerine birden aşak inýärdiler (B. Seýtäkow Moskwanyň ýalkymy).

2. Beýik ýerden aşak düşüp gaýtmak.

3. göç. m. Biriniň üstünden düşmek, eňmek, dökülmek. Şol mahal urmak üçin maýaç bolan ýagyrnysynyň gözüne taýak indi (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde).

<> D ü n ý ä  inmek — ser. D ü n ý ä. Ýaňyja dünýä inen çagany gelip eline alýar («Sowet Türkmenistanynyň aýallary» žurnaly). Täze graždanyň dünýä inendigi hakyndaky buşluk şu erden ýaýraýar («Sowet Türkmenistany» gazeti).

R e h i m  i n m e k — ser. R e h i m. Birdenkä garrynyň maňa rehimi inen ýaly boldy (N. Saryhanow, Saýlanan eserler).