SÖZLÜG ;   I- HARPY;

INJ

INJI[i:nji], Ýaş çaga onuň ýakyn hossary, garyndaşy tarapyndan ady tutulyp berilýän mal. Saňa inji, düýe, goýuň sygyr bererin (A. Durdyew, Saýlanan eserler).


INJIK [i:njik], anat. 1. Aýagyň topuk bilen baldyr aralygy. 2. Aýagyň topuk bilen dyz aralygyndaky ýogyn süňki. Çorlan injiklerini, çöňürtge sypjyran barmaklaryny gyzgyn çäge gatadypdy («Sowet Türkmenistan» gazeti) Onuň çaň siňen injiklerini çöp-çalaçlar çyzypdyr («Sowet edeblýaty» žurnaly).


INJIR, bot. Günorta ýurtlarda ösýän süýji miweli agaç we onuň miwesi. Iki ýyllyk narlar, injirler heniz miwe getirmän ösüp barýan ýaş çaga ýaly, inçemik boýlaryny ýaňy ýetiripdirler. (B Kerbabaew, Aýsoltan) Bir ýerde erik, injir, ýene dürli iýmiş bar (A. Kekilow, Saýlanan eserler).