SÖZLÜG ;   I- HARPY;

INW

IN [i:n] I, 1. Bir zadyň keseligine bolan uzynlygy. Onuň beýik diwarynyň ini 6 metr (Gadymy dünýä taryhy). Halynyň ini 6,5 metrden ybaratdyr («Sowet Türkmenistanynyň aýallary» žurnaly). 2. Biçilmän goýlan In mata.


IN [i:n] II, Ten beden endam. Keljäni görende, onuň ini çümşüldep gitdi («Sowet edebiýaty» žurnaly).

* Ine siňirmek — haýsy-da bolsa bir zady peýdaly harç etmek, arkaýynlykda özleşdirmek. Meret ol haýatyň hasylyny ine-gana inine siňdirmese gerek — diýýär (A. Durdyew, Saýlanan eserler).

I n i ň  tikeneklemek — gorkudan ýa-da başga bir waka zerarly bedeniňde bir hili täsir döremek.


INWALI'D, Kesellilik, ýaradarlyk ýa-da garrylyk zerarly işe ýarawlylyk ukybyny ýitiren adam, maýyp-müjrüp. Inwalidlere we işe ýarawlylygyny elden gideren kolhozçylara kömek fondy döredilýär («Sowet Türkmenistany» gazeti). Birden inwalid bolup geläýse nädersiň? («Sowet edebiýaty» žurnaly).


INWALIDLIK, Kesellilik ýa-da garrylyk zerarly işe ýarawlylyk ukybyny ýitirenlik, inwalidiň ýagdaýy, maýyp-müjrüplik. Ýaşynyň çene ýetenligine salgylanyp, prawlenie oňa işden boşap, inwalidlige geçmegi telim gezgk teklip edipdi (N. Jumaew, Ak derek).


INWENTARIZATSION, Inwentarizatsiýa degişli, inwentarýazatsiýa geçirýän. Inwentarizatsýon komissiýa.


INWENTARIZATSIÝA, Bir edaranyň, guramanyň, kärhananyň we ş. m. emlägini hasaba alyp, spisogyny düzüş. Kolhozlarda hasabat ýygnaklaryna taýýarlygy inwentarizatsiýa geçirmek bilen birlikde alyp barmak gerek («Sowet Türkmenistany» gazeti).


INWENTARIZIRLEMEK, Bir zadyň inwentarь ýazuwyny geçirmek, inwentarlaryň hasabatyny alyp, spisogyny ýazmak:


INWENTARЬ, Edara, kärhana we ş. m. degişli bolan predmetleriň, zatlaryň jemi. Biziň öz mototsikletimiz, medeni inwentarymyz bolar («Sowet Türkmenistany» gazsti):


INWERSIÝA, edeb. Sözüň aňladýan manysyny kesgitlemek, söze stilistik häsiýet bermek maksady bilen sözlemdäki sözleriň adaty tertibini bozuş. Mollanepes öz şygyrlarynda inwersiýany has köp peýdalanýar («Edebiýat»).