SÖZLÜG ; J- HARPY;
JAH

JAHAN, ser. Dünýä 1, 2. Jahana jar bolan rewolýutsiýanyň, Beýik ýeňişiniň güýçli bady bar (N. Pomma, Saýlanan eserler). Ýok bolsun ynsanyň duşmany uruş. Ýaşasyn jahanda parahat durmuş («Oktýabrь ýalkymy»). Jahanyň guraklygy seniň ýaly bozgaklaryň, bozgaklaryň köpelmegi zerarly dälmi? (B. Kerbabaew, Aýgytly ädim). Aýaz baba baýrammyza ýaşuly, Aýlanyp gelipdir bütin jahany («Mydam taýýar» gazeti).

Jahan ýagtylmak — daň atmak. Jahap ýagtylandan soň hem, iki mergen we çopanlaryň biri gaçan möjekleriň yzyny yzarlap kowup gidipdirler (A. Gowşudow, Kepetdagyň etegiňde). Jahan urşy — bir näçe uly döwletleriň gatnaşmagynda bolýan uruş.


JAHANGIR [jahangi:r], kön s. ser B a s y b a l y j y. Jahangir zalymlaryň indi bagty ýatandyr (Mollamurt, Saýlanan eserler).


JAHANGIRLIK [jahangi:rlik], kön s ser Basybalyjylyk.


JAHANKEŞDE, Syýahat edip ýören, gezende.


JAHANKEŞDELIK, Jahankeşdäniň ýagdaýy, syýahat edijilik, gezendelik.


JAHYL [ja:hy:l], Ýigitlik ýaşyndaky, heniz orta ýaşa ýetmedik, ýigit. Göräýmäge jahyl siz, näçe atam ýaşyňyz? (Nury Annagylyç, Goşgular). Moskwany görsem, ýene hut jahyl bolardym.; gelip Watanymyzyň bähbidi üçin pagta hasylyny has köp almagyň täze usullaryny dörederdim (G. Muhtarow, G. Seýitliew, Çopan ogly). Garrylar güýjelýär jahyllar ýaly, Maksada ýetirdi Leniniň ýoly ( N. Pomma , Saýlanan eserler).

<> Jahyl çykmak — ösüp jahylyň ýaşyna ýetmek, ýigit ýetişmek. Tüweleme, uly ýigit bolup, jahyl çykyp gidipsiň, tanar ýalak hem bolmansyň (A Gowşudow, Köpetdagyň eteginde).


JAHYLLANMAK [j.a:hy:llanmak], Daýanyp jahyl görünmek, ýigdelmek, juwanlanmak.


JAHYLLYK [ja:hy:llyk], Jahylyň ýaşynda bolmaklyk, jahylçylyk, ýigitlik, juwanlyk. Jahyllik ýaşyna gadam basypdym (D. Baýmyradow, Täze goşgular). Jahyllyk wagty. Jahyllyk kuwwaty.


JAHYLSYRAMAK [ja:hy:lsyramak], Özüňi jahyl saýmak, jahyl boljak bolmak.


JAHYLÇYLYK [ja:hy:lçylyk], ser. J a h y l l y k.