SÖZLÜG ; J- HARPY;
JAN

JAN [ja:n], 1. Adamyň psihiki içki dünýäsi, onuň aňy, duýgy-düşünjesi we ş. m. Aýdan sözi lezzet berdi janyma, Oka! — diýdi, men okaýyn, atam jan! (A. Kekilow, Saýlanan eserler). Wasp eden döwletim — meniň Watanym, Onuň bilen birdir janym hem tenim (« Oktýabrь ýalkymy»).

2. Adama, haýwanlara dirilik berýän ruh.

3. Söýgi, gadyr bildirilip aýdylýan söz. Hawa, Illi jan, men Kislowodskide edil çaga pişigiň güni ýaly gün gördüm (N. Pomma, Taýlak hyzzyn).

4. Sany görkezilende «adam» sözüniň deregine ulanylýan söz, kişi. Olar bäş jandy.

5.ÝIürekden syzdyrylyp aýdylýan jogap sözi. Jan, sesiňe döneýin.

*Jan alyp, jan bermek — gazaply söweş alyp barmak, gyryp-gyrlyşmak. Söýgini jan alyp, jan berilýän günlerde duýup galdym (A. Gowşudow, Eserler).

Jan bermek — aradan çykmak, ölmek, gurban bolmak. Gyrat Göroglynyň baş ujunda çabalanyp jan berdi («Görogly» eposy). Iwan Petrowiç meniň elim-de jan. berdi (A. S. Puşkin, Saýlanan eserler).

Jan paralamak — gaty yhlas etmek, üstünde janyňy bermek. Bir zady etdirjek bolup jan paralamak.

J a n s a n y — adam sany, maşgala agzalarynyň sany.

J a n   ç e k m e k — bir zadyň ugrunda yhlas bilen zähmet çekmek, bir işi bitirmek üçin çalyşmak, dyrjaşmak.

Jan emgemezlik — janyňy gynamazlyk, janyňa dözmezçilik etmek, gowy zähmet çekmezlik. J a n   e t m e k — ser. Jan çekmek. Men onuň gözüne görünmezlige jan edýärdim.

Jana kast etmek — 1) birini öldürmek ýa-da şol maksat bilen janyna şikes etirmek;

2) Öler ýaly işlemeklik, ýadawlygy bilmän, zor işlemeklik. Jana kast edip işlemek. Gereginden köp işläp, jana kast etmek.

Jandan geçmek — ser. Janyny gurban etmek. Şu gün üçin million jandan geçildi, Birleşýärler dünýe zähmetkeşleri (Mollamurt, Saýlanan eserler).

Jany dili bilen — tüýs ýürekden, bar güýji bilen, jany we ýüregi bilen. Ol jany-dili bilen gürrüň berdi.

Jany aram tapmak — ynjalmak, rahatlanmak. Üýşüp ýatan telegrammalara gözi düşüp, jany aram tapdy. («Zähmet gahrymanlary»).

Jany ç y k m a k — ölmek. Janyna degmek — ýiti, güýçli, gaty täsir etmek.

Janyna ot salmak — howsala salmak, gynandyrmak, ynjalyksyzlandyrmak.

Janyny jähenneme ibermek — öldürmek.

Janyn y ýa k m a k—gaty käýindirmek, zeýrendirmek.

J a n y ň  agyrmak — ser. Janyň ýanmak.

Jany agyrmaýanyň ýanynda başym agyrýar diýme (nakyl).

J a n y ň   u j y — rahat. gowy, hezil.

Janyň ýanmak — agyr degmek, otritsatelь täsir etmek

J a n y ň y gurban etmek — watan ýa-da bir gowy görýän zadyň, adamyň ugrunda özüňi heläk etmek, gurban bolmak, ölmek. Ol biziň üçin janyny gurban etdi (B Pürliew, ilkinji gün).


JANAWAR 1. ser. Haýwan Sygyr örän peýdaly janawardyr. Jeren ymgyr çölde erkin gezýän janawarlaryň iň gözelidir (B. Kerbabaew, Aýgytly ädim). At janawor ep-esli ýol aşýança, şol gidişine gidipdir («Sowet edebiýaty» žurnaly) .

2. Dert çekýän, hor ýa-da ölen haýwana rehim inip aýdylýan söz Haý, janawar, haýp boldy, adam ýaly düşgür, häsiýetli haýwandy — diýip taryplady (A. Gowşudow, Powestler we hekaýalar). Ol eýýäm oba barandyr, bu janawar bolsa har-haşal ota güýmenip galypdyr (A. Durdyew, Saýlanan zserler).


JANA-JAN [ja:na-ja:n], Wepaly, ýürekdeş, janypkeş, janköýer. Sen biziň iň ýakyn jana-janymyz (Ata Salyh, Saýlanan eserler). Bir ýürekli iki guş dek iki goňşy jana-jan («Sowet edebiýaty» žurnaly)


JANA-JANLYK [ja:na-ja:nlyk], Wepalylyk, ýürekdeşlik, janypkeşlik


JANALGYÇ [ja:nalgyç], Dini düşünjä görä- Ezraýyl. Göýe janalgyç gelip, janymy jähennem bazaryna iberýän ýaly boldy (N. Pomma, Taýlak hyzzyn).


JANAN [ja:na:n], Söýgüli, dildar, mähriban, magşuk. Karlen jan, jananym! — diýip bökdürmäge durdy (N. Saryhanow, Saýlanan eserler). Wah, rehim etmez janyma jananym meniň, Köýdi hasrat odundan köýmedik janym meniň («Edebiýat we sungat» gazeti).


JANDAR [ja:nda:r], 1. Jany bar bolan, diri ýaşaýanlar, janly organizm (adam, haýwan, mör-möjek). Maldarlar janly-jandarlar bilen iş salyşýar ahyryn («Sowet edebiýaty» žurnaly).

2. Adam. Öýde orta ýaşa ýakynlaşan bir aýaldan başga jandar ýokdy (A. Gowşudow, Mähri—Wepa).

3. Haýwan, haýwanlar, haýwanat. Towuklar bolsa wagtly-wagtynda keteklerine ýygnanmagy özge jandarlardan gowy bilýärler (A. Gowşudow, Mähri—Wepa). Bir ýerde bir jandaryň çyňsaýan sesi çykdy (A Gowşudow, Köpetdagyň eteginde).


JANKÖÝER [ja:nköýer], ser. J a n a-j a n. Senden ýakyn janköer gardaşy ýok eken («Görogly» eposy). Ýogsa-da janköýeriň bolmasa şeýle bolýar (B. Seýtäkow, Doganlar).


JANLANMAK [ja:nlanmak], 1. Ýaşap başlamak, jan girmek, direlmek. Yssy jöwzanyň derdinden saralyp solan ysgynsyz haşal otlar häzir gaýtadan güllemek üçin janlanýardy (A. P Çehow, Saýlanan eserler).

2. göç. m Herekete gelmek, oýanmak, ruhlanmak, başarjaňlygy artmak. Bir näçe ýörite toplar hem minomiotlar, tokaýyň içinde janlanýan duşmanyň ot nokatlaryny ýatyrýardy (A. Gowşudow, Saýlanan eserler).


JANLY [ja:nly], 1. Ýaşaýşa ukyby bar bolan, jany bar bolan, diri.

2. Ownuk şahly mal, dowar. Aýna bäşlän-üçlän janly edindi (B. Kerbabaew, Aýgytly ädim). Janly alyp gel, dogrusyny aýtsam, dograma iýmälimiz bäri hem gaty köp wagt bolupdyr (A. Gowşudow, Köpegdagyň eteginde).

3. göç. m. Gyzgalaňly, çalasyn, dogumly, ruhlanan. Stantsiýada adamlaryň janly hereketi güýçlendi («Tokmak» žurnaly).


JANLY-JEMENDE [ja:nly-jemende], Adam, ynsan. Iki gulak janly-jemendäniň ählisinde bar (G. Kulyew, Köpetdagyň aňyrsynda). Gök deňiz ýaly tolkun atyp ýatan gowaçaly kartalaryň içinde hem bu wagt janly--jemende ýokdy («Sowet edebiýaty» žurnaly). Olaryň howlusynda janly-jemende ýok.


JANLYLYK [ja-nlylyk], 1. Ýaşaýşa ukyplylyk, jany barlyk, dirilik

2. göç. m Gyzgalaňlyk, çalasynlyk, dogumlylyk, ruhlulyk. Onuň gözleri geçen ýyldaky ýaly umytsyz garaman, janlylyk, tiz pähimlilik bilen ýalpyldaýardi (B. Kerbabaew, Aýgytly ädim) Oňa siňe syn edip otursaň, hemme hereketinde üýtgeşik janlylyk duýulýardy («Sowet edebiýaty» žurnaly).


JANSEREK [ja:nserek], Özüni ýitiren, näme etjegini bilmän aljyrap ýören, aljyrawdy, çaşgyn. Adam bary janserekdi (K. Gurbannepesow, Goşgular we poemalar). Ol iki arada janserek, bolup garaşdy (B Seýtäkow, Doganlar)\


JANSYZ [ža:nsyz], 1. Jany bolmadyk, diri däl, öli. Öz kapitanynyň jansyz göwresini süýräp, daşaryk çykardy (A. Gowşudow, Mähri—Wepa).

2. göç. m. Çalasyn hereketde bolmazlyk, ruhdan düşen, hereketsiz. Müsür jansyz ýurda öwrülýän ýalydy (Gadymy dünýä taryhy) Jansyz gözleri küle taşlanan mäz ýaly sämäp göründi (B Kerbabaew, Aýgytly ädim).

3. gäç. m. Bir döwletiň harby we beýleki syrlaryny başga bir döwlete aňtap ýetirýän gizlin agent, içaly. Bütin. Türküstan general Mollesonyň jansyzlary hem harby agentleri bilen doldy (B. Kerbabaew, Aýgytly ädim). Bu jansyz mende gadagan edilen kitabyň barlygyny nirden bildike (G. Kulyew, Köpetdagyň aňyrsynda).


JANSYZLYK [ža nsyzlyk],  1. Jany  bolmazlyk, jany ýokluk, diri dällik.

2. göç m. Gyzgalaňly dällik hereketsizlik, ruhsuzlyk.

3. göç. m. Jansyzyň ýagdaýy, içalylyk. Nemets faşistleri ony pula tutup, bir näçe ýyl özleriniň içalylyk — jansyzlyk mekdebinde okatdýlar (A. Gowşudow, Mähri—Wepa).


JANHOWUL [ja:nhowul], Ölümiň öň ýanyndaky ýagdaý, pursat.  Baryň,  eglenmäň! — diýip, janhowul ýaly bolup gygyrdy   («Görogly» eposy).  Towşan näçe gati  ýaralansa hem, janhowluna gaçyp bilýärdi (J. Akyew Mergeniň ogly).                                                              -


JANYKMAK [ja:nykmak], Bir zat etmeklige ýürek  bilen çalyşmak, jan çekmek, yhlasly bolmak, gyzykmak.Begenjiň janygyp edýän  gürrüňine Aýsoltan ynamsyz ýylgyrdy. A gyz, näme gülýärsiň? Ynanaňokmy? Seret ahyry! — diýip  janykdy.(B. Kerbabaew,,« Aýsoltan). Eziz Buhara meselesi barasynda janykdy. Adamlar janygyp sözleşýärdiler (B.  Kerbabaew, Aýgytly ädim). 


JANYPKEŞ [ja:ny.pkeş], 1. Işini janygyp edýän, bir zada yhlasly ýapyşýan. Şol goşgularda Türkmenistanyts gözel ýerleri, onuň sapýürek, janypkeş adamlary hakynda gürrüň berilýär («Sowet edebiýaty» žurnaly). Gaýratly, janypkeş zähmet batyry, Duýdansyz aradan çykdy-da gitdi (N. Pomma, Saýlanan eserler).

2. Wepadar, ýürekdeş. Janypkeş. dost.


JANYPKEŞLIK [ja:ny:pkeşlik], 1. Janygyp işlemeklik, yhlaslylyk. Janypkeşlik bilen ýapyşylan  işiň zarpçylaryň ýanynda manysy bolmaýar (A. Durdyew, Saýlanan eserler).

2. Wepadarlyk, ýürekdeşlik, tüýs ýürekden berlenlik. Özüniň janypkeşligini oňa subut etjek bolup çalyşýardy (G. Kulyew, Köpetdagyň aňyrsynda) .


JANYÝANGYN [ja:nyýangyn], Birinden ýa-da bir zat-dan närazy bolan, gaharly, içi ýanyp duran, ýangynly. Janyýangyn adam.


JANYÝANGYNLYK [ja:nyýangynlyk], Birinden ýa-da bir zatdan närazylyk, gaharlylyk, ýangynlylyk. Kapitan janyýangynlyk bilen başyny silkip, ýalandan güldi (G. Gurbansähedow, Suraý).