SÖZLÜG ; J- HARPY;
JAM

JAM [ja:m] I, Metaldan edilen gap, tabak. Ýagly küýzeden bir jam gowurma çykaryp goýdy (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde). Hany maňa bir jam suw sowuk bersene, ýüregim ýandy-la! (A. Durdyew, Saýlanan eserler).


JAM [ja:m] II, ser. M i s 2.


JAMAL [jama:l], Görk, görmek, gözellik, husn. Nä seredip durýaň? Gel içeli çaý! Jamalyňy ýakyndan hem göreýin (R. Seýidow, Bagtlylar). Dik asmana galan Aýyň jamaly, Suwda tolkun bilen oýnaşýan ýaly (Ş. Borjakow, Kaspi kenarynda).


JAMBÖRÜK [ja:mbö:rük], dial. 1. Birneme çukurrak tikilen nagyşly tahýa, börük. Wolostnoý şempa ak telpegini gapdalynda goýup, jambörügini maňlaýyna geýdi. (B Kerbabaew, Aýgytly ädim). Öýlänler Gözel tamynda ýekeje oturyp, jambörük tikýärdi (A. Durdyew. Saýlanan eserler).

2. Nagşyň bir görnüşi. Näme Üçin, bu tamlaryň her biriniň daşyna jambärük nagşy salmadyka? (B. Kerbabaew, Aýsoltan).