SÖZLÜG ; J- HARPY;
JAZ

JAZ   I, Nahar bişirilende, ýakylyp goşulýan ýag.


JAZ II, sazç. Kakylyp we üflenip çalynýan dürly saz gurallaryndan ybarat orkestr. Jaz sazy. Agşamlaryna klubda jaz orkestra saz çalýar.


JAZZYLDAMAK, Jazzyldyly ses çykmak Jazzyldyly seslenmek, jazyrdamak. Gazanda jazzyldap gowrulýan etiň ysy gelýärdi.


JAZZYLDATMAK, 1. Jazzyldyly ses döretmek, jazzyldyly seslendirmek. jazyrdamak. Jazzyldadyp et gowurmak.

2. göç. m. Awuly çakmak, jaslatmak (ary, içýan hakda).


JAZZYLDY, 1. Et gowrulyp başlanda we ş. m. çykýan ses, jazyrdy.

2. Ary, içýan we ş. m. çakanda duýulýan ýiti agyry.


JAZLAMAK, Nahary jaz bilen bişirmek, nahara jaz goşmak.


JAZLANMAK, Nahara jaz goşulmak. Gazandaky ýaga jazlanýan etleri demine dartaýasy. gelýärdi (B. Kerbabaew, Aýgytly ädim).


JAZLATMAK, 1. Jazly bişirtmek, nahara jaz goşdurmak.

2. ser. Jazzyldatmak.


JAZLY, Jaz goşulan, jaz goşulyp bişirilen, jazy bar bolan. Ojakda-da jazly unaş lykyrdapjyk dur ekeni («Sowet edebiýaty» žurnaly). Jazly aş .Jazly bişirilen gök.


JAZLYK, Jaz üçin niýetlenip goýlan. Jazlyk ýag.


JAZYRDAMAK, ser.  J a z z y l d a m a k.


JAZYRDATMAK,  ser.  Jazzyldatmak.


JAZYRDY, ser  J a z z y l d y. Jazyrdy döretmek.