SÖZLÜG ; J- HARPY;
JAÝ

JAÝ [ja:ý] I, 1.Ýaşamak, işlemek we ş. m. üçin gurlan bina, öý, ymarat. Jaýyň äpişgesiniň deregine deşiklerden el köwsary urup, dükanyň içinde tüweleý turuzýardy (A. Gowşudow, Powestler we hekaýalar). Ine, bu uly jaý hem okalga boljak (B. Pürliew, Ilkinji gun).

2. Ony-muny goýmak ýa-da mal-gara salmak üçin gurlan desga. Odun goýmak üçin jaý. Gök önümler saklanýan jaý.

3. göç. m. Orun, ýer. Ol tamasy çykmadyk Bibisoltanyň göwnünde başga zatlar jaý tutdy («Sowet edebiýaty» žurnaly).


JAÝ II, 1. Ýerlikli, oňat, oňaýly. Maşgala terbiýesinde akyla jaý ulanylýan götergilemek we temmi bermek çäreleriniň uly ähmieti bardyr (I. T. Ogorodnikow, P N. Şimbiriow, Pedagogika). Jaý gep, rast aýdýaň! (G. Gurbansähedow, Suraý).

2. Göni, dogry, ykjam. Ok jaý degeni üçin, möjek bada-bat ölüpdir («Sowet edebiýaty» žurnaly). <>Jaýyna düşürm e k — çemine düşurmek, ýerine salmak, jüpüne getirmek. Göwne jaý bolmak — ser. G ö w ü n.

Üzüm agaçlarynyň düýbüni bejerişleri Hoşgeldiniň göwnüne jaý boldy (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde).


JAÝBA-JAÝ [ja:ýba-ja:ý], Ýerbe-ýer, ýerli-ýerinde, tertipli. Aslynda galyň töläp, ýerli-ýerinde halat-serpaýyny jaýba-jaý edip öýlendirmäge garryda güýç ýokdy (A. Gowşudow, Mähri—Wepa).


JAÝBA-JAÝLYK [ja:ýba-ja:ýlyk], Ýerbe-ýerlik, ýerli-ýerindelik, tertiplilik.


JAÝDAR [ja:ýda:r], 1. Oňat, gowy, ýerlikli. Hoşgeldi. bu agşam hemişeki adaty. boýunça jaýdar agşam naharyndan soň, özüniň radiopiopriomniginiň gulaklaryny towlady we radio diňlemäge başlady (A Gowşudow, Köpetdagyň eteginde) Jaýymyzdan jaýdar jaýy aňmadym, Jaýlaryň jaýyna jaýlaşan wagtym (N Pomma, Saýlanan eserler).

2. Jaýly, berk, pugta, göni. Ol oturgyjyň jaýdar goýlandygyny barlady (A. Gowşudow, Powestler we hekaýalar) Ok jaýdar degmändir («Mydam taýýar» gazeti).


JAÝLAMAK [ja:ýlamak], 1. Ýerli-ýerinde, jaýba--jaý goýmak, tygşytlyja goýmak, ýerleşdirmek. Aarylan agaçlary tama salyp, jaýlap goýduk .

2. Aradan çykan adamyny ýerlemek, depin etmek. Annabegenç pakyr ömründe tüpeň sesini eşiden adam däl ahyry! Ony jaýlanymyz ýaňy dälmidi? (B. Kerbabaew, Aýgytly ädim). Ol hem atasyny şu ýerde jaýlady. (B. Seýtäkow, Doganlar).


JAÝLANMAK [ja:ýlanmak], 1. Ýerli-ýerinde, jaýba--jaý edilip goýulmak, tygşytly goýulmak, ýerleşdirilmek .

2. Aradan çykan adam ýerlenmek, depin edilmek. Magtymgulynyň jaýlanap ýerini gidip görmek (G. Kulyew, Köpetdagyň anyrsynda).


JAÝLATMAK [ja:ýlatmak], 1. Ýerbe-ýer, jaýba-jaý goýdurmak, ýerleşdirtmek.

2. Aradan çykan adamy ýerletmek, depin etdirmek.


JAÝLAŞDYRMAK [ja:ýlaşdyrmak], Ýerbe-ýer goýuşdyrmak, ýerli-ýerine salmak, sygdyrmak. Gurt goşlaryny  jaýlaşdyryp, özüne görkezilen krowatda oturdy.(A. Gowşudow, Mähri—Wepa).


JAÝLAŞMAK   [ja:ýlaşmak],1. Ýerbe-ýer, jaýba--jaý goýuşmak.Odun jaýlaşmak.

2.  Ýer almak, orun almak,  jaýly oturmak, ýerleşmek.   Myrat hem öz ornunda  uňaýlaşdy   (A.  Gowşudow,   Powestler we hekaýalar). Emma ol bir seretdi-de, ýene hiç bir zat diýmän  diňe öz oturyşyny   düzedip   jaýlaşdy  (A. Gowşudow, Mähri—Wepa).

3. Aradan çykany jaýlamaga kömekleşmek,  depin edişmek.


JAÝLAŞYKLY [ja:ýlaşykly], Ykjam, ynjalykly, jaýly, ýerleşikli. Aman per ýassykdan tirsegini galdyryp, jaýlaşykly oturdy («Tokmak» žurnaly).


JAÝLY  [ja:ýly], 1. Jaýy bar bolan, jaý bilen  upjün edilen, orunly.

2. ser. Jaýlaşykly. Poçtalýon jaýly oturdy. («Sowet edebiýaty» žurnaly).Bagşy aga, ýadap gelensiňiz, jaýly oturyň' (A. Gowşudow, Eserler).

3. Maksada laýyk, ýerlikli. Ellini derňemek jaýly bolardy (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde).


JAÝRYK, Ýarylmak zerarly emele gelen uzyn aýryk, çat açan ýer, ýaryk. Ähli ýeri oňat sanitar ýagdaýyna getirmeli, diwarlardaky we haýatlardaky jaýryklary suwamaly .


JAÝRYK-JAÝRYK, Tutuş jaýryk bolup duran, jaýryk-aýryk, ýarykly. Jaýryk-jaýryk köne howlulary  torç edipdirler (N. Jumaew, Ak maýanyn ýoly).


JAÝRYLMAK, Jaýryk, ýaryk emele gelmek, çat açmak, ýarylmak. Gawunlaryň käbiriniň syrty jaýrylyp ýatyr (B. Kerbabaew, Aýsoltan).


JAÝTARMAK, Towlanyp galyp durmak, gaňtarylyp durmak, öňe çykyp durmak, gaýşarylmak. Murtuň jaýtaryşyndan habar  almaýarmyň? («Kolhoz    günleri»). Murty jaýtaryp duran garaýagyz  şofior ýola düşdi («Sowet edebiýaty» žurnaly). Seniň bu börüksiz jaý taryp ýörşüňe men näme il öňünde utanýan däldirin öýdýärmiň? (B. Pürliew, Ilkinži gün).


JAÝTARTMAK, Towlap ýokary  galdyrmak, gaýtaryp duruzmak, gaýşartmak. Guýrugyny    jaýtardyp,ýüzin salyp ötägitdi.(«Görogly»    eposy). Içýan guýrugyny jaýtardyp durdy.


JAÝTY, Jaýtarylyp duran, towlanyp galyp,Jaýtarýan. Onuň inçejik jaýty murty bardy .


JAÝYRDAWUK, gepl  d .Jaýyrdyly ses edýän, jygyldap duran. Onuň köwşüniň jýyrdawuk sesine hem guwanardy  («Edebýýat we sungat» gazeti). Jaýyrdawuk köwüş.


JAÝYRDAMAK, 1. Jaýyrdyly ses  çykmak, jaýyrdyly seslenmek,  jaýyrt-jaýyrt  etmek, gaty jygyldamak. Orazyň täze köwşi jaýyrdaýardy.

2. ýyrtylyp gitmek (ýukajyk mata hakda).


JAÝYRDATMAK, 1. Jaýyrdyly ses çykarmak, jaýyrdyly seslendirmek, jygyldatmak. Ol ädigini jaýyrdadyp, geçip gitdi.

2. ýyrtyp goýbermek, ýyrtmak Elindäki tüýnükli ýaglygy jaýyrdadyp iki böldi.


JAÝYRDY, Bir zadyň sürtülmeginden döreýän ýiti ses, jygyldy (ädik, tigir we ş. m. hakda). Täze ädigiň jaýyrdysy eşidilýärdi.