SÖZLÜG ; J- HARPY;
JAL

JALA, Güýçli ýagyş, çabga.

<> Jala degen ýaly etmek — bir bada gutarmak, tamamlamak. Kolhozçylar pagtany edil jala degen ýaly etdiler («Kolhoz günleri»).


JALAÝ, Ýeňil durmuş alyp barýan, keýpihonlyk edýän, gezegen, pul sowragan, jalataý. Tüýs bedasylyň biri, Jalaý diýseň, çyn jalaý (A. Alamyşow, Sona). Ol tanyş ýüzler kileň ogry, jalaý ýüzlerdi (N. Jumaew, Ak maýanyň ýoly). Jalaýy erbet görýärler. Jalaý adam.


JALAÝLYK, Jalaýyň gylyk-häsiýeti, jalaý bolmaklyk, jalataýlyk. Ol elini sowuk suwa urman, jalaýlyk edip geçiripdir (N. Saryhanow, Saýlanan eserler) Amanyň jalaýlygy doly subut edilip, işden boşadyldy («Tokmak» žurnaly).


JALATAÝ, ser. J a l a ý. Jalataýa ýalnyp gün görü-bilmersiň («Görogly» eposy). Saňa işsiz, boş wagtyny nähili geçirjegni bilmän ýören jalataý diýerler («Sowet edebiýaty» žurnaly).


JALATAÝLYK, ser. J a l a ý l y k. Ol jalalaýlygny taşlady, bedeniniň we geýiminiň päkjeligine köp üns berip başlady (M.. Gorьkiý, Ene).


JALBAR, Erkek adamyň bilinden topugyna çenli aralygy örtýän üstki geýimi, balak. Begenç melemtil jalbaryny çyzgap, dyzyndan ýokary geçiripdir (B. Kerbabaew, Aýsoltan). Jalbaryň zaýa bolmaz, dyzyňa deň çermeseň. («Tokmak» žurnaly).


JALBARLYK, Jalbar tikmek üçin niýetlenen mata, balaklyk. Magazinden iki jalbarlyk mata satyn aldyk.