SÖZLÜG ; J- HARPY;
JAŇ

JAŇ, 1. Ses signalyny bermek üçin içi dillije metal gural. Ylmy işgärler gäminiň içinden uly jaň tapdylar («Pioner» žurnaly). Ýöne birden uzakdan eşidilen jaň sesi ony ukusyndan oýarypdyr («Sowet edebiýaty» žurnaly).

2. Şol gural kakylanda çykýan ses, signal. Poltoratskiý telegrafhanadan çykanda, gije sagat üçüň jaňy urdy (B. Kerbabaew, Aýgytly ädim).

<>Ýeňegine jaň dakylan ýaly — ser. Ýeňek


JAŇŇYRDAMAK, Jaňňyrdyly ses çykarmak, jaňdyrdyly seslenmek. Ýene çykdy jaňyň tanyş owazy, Enaýy jaňyrdap çagyrdy bizi (A. Haýydow, Gök asman).


JAŇŇYRDATMAK, Jaňňyrdamaga mejbur etmek, jaňňyrdyly ses çykartmak, seslendirmek.


JAŇŇYRDAŞMAK, Bilelikde, yzly-yzyna jaňňyrdamak, köp ýerde jakňyrdamak.Ýük üstünde jaň goýsaň, Jaňyrdaşar, ýar-ýar («Türkmen halk şahyrana döredijiligi»).


JAŇŇYRDY, Jaň ýa-da metaldan ýörite edilen zatlara kakylanda, urlanda çykýan ses Uzakdan gelýän kerweniň jaňynyň jaňňyrdysy eşidilýär.