SÖZLÜG ; J- HARPY;
JAG

JADY [ja:dy], 1. Gadymy nadanlyk düşünjesine görä, adamlara, tebigata täsir edip bilýän «keramatly» güýç, owsun, gözbagçylyk, tilsim Kitaplara jady gudratlyk serişdesi hökmünde garapdyrlar (SSSR taryhy). ýyldyzlar ýaldirap jady göz ýaly, Ýatanlaň üstüne yşygyn saçýar (N. Pomma, Saýlanan eserler).

2. gepl d. ser J a d y g ö ý.


JADYGÖÝ [ja:dygö:ý], 1. Jadylyk bilen meşgulanýan adam, gözbagçy. Ilatyň nadanlygndan kesellei «okamak», «keramatly suw» we dürli otlar bilen bejerýän poplar, jadygöýler we jadygöý aýallar peýdalanypdyrlar.(SSSR  taryhy) Şol gowakda  kyrk sany jadygöý ýaşaýan ekeni (Myraly).

2. göç. m. Güýçli täsir galdyrýan, özüne çekýän, ýesir edýän, erkiňi alýan jadylaýan. Hatyja hem oňa jadygöý garaýyşlary bilen seredip, gülüp jogap berýär (N. Pomma, Taýlak hyzzyn).


JADYGÖÝLIK [ja:dygö:ýlik], Jadygöýiň käri, gözbagçylyk, jadylyk. Jadygöýlik edip ili aldamak. Ol jadygöýlik bilen meşgul bolupdyr.


JADYGÖÝÇILIK [ja:dygö:ýçilik], ser. J a d y-göýlik. Jadygöýçilige ynanmaklyk höküm sürüpdir (SSSR taryhy).


JADYLAMAK [ja:dylamak], 1. Jady etmek, owsunlamak, göz baglamak. Medeýa jadylap hem-de jadyly dermanlar bilen aždarhany ukladypdyr (gadymy dünýä taryhy).

2. göç. m. Täsin galdyrmak, özüne çekmek, ýesir etmek, erkini almak.


JADYLANMAK [ja:dylanmak], 1. Jady edilmek, owsunlanmak, tilsim edilmek, gözüň baglanmak. Jadylanan ýaly bolmak.

2. göç. m. Täsin galmak, ýesir bolmak erkiň alynmak. Oňa syn edýänler edil jadylanan ýaly, uzak wagtlap onuň ýanyndan aýrylyp bilmeýärdiler (B. Kerbabaew, Aýsoltan).


JADYLATMAK [ja:dylatmak], 1. Jady etdirmek, owsunlatmak, tilsim etdirmek, gözüni baglatmak.

2. zöç. m. Çuň täsir etdirmek, täsin galdyrtmak, erkini aldyrmak.


JADYLY [ja:dyly], 1. Jadysy bar bolan, owsunly tilsimli. Jadyly hereket. Jadyly adam

2. göç m 'Täsin galdyrýan, ýesir edýän, erkini alýan .Sen nähili beýle jadyly kitap, Alyp bilemok-la çigit dek many! («Sowet edebiýaty» žurnaly).


JADYÇYLYK [ja-dyçylyk],   ser.Jadygöýçilik.