SÖZLÜG ; J- HARPY;
JED

JEDEL, Öz pikiriň dogrulygny, mamladygyny gorap, bir zat dogrusynda alnyp barylýan garşylykly pikir, çekişme.


JEDELKEŞ,  ser.  Jedelçi.


JEDELKEŞLIK, Jedel edijilik, jedel etmegi gowy görüjilik.


JEDELLEŞMEK, 1. Jedel edişmek, çekişmek. Jaýyň ol böwründe oturan bir näçe gelin-gyz öz aralarynda haly nagyşlarynyň üstünde jedelleşýärdi (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde). 2. Dawa edişmek, galmagallaşmak. Seniň bilen jedelleişp durmaga wagtym ýok (B. Pürliew, Ilkinji gün).


JEDELLI, 1. Jedel döredýän, çekişmeli. Mesele jedelli we gorkuly bolany üçin, men siziň hut özüňize arz etmäge meojbur (G. Muhtarow, G. Seýitliew, Çopan ogly).

2. Dawaly, jenjelli, galmagally. Jedelli gürrüň. Jedelli şi.


JEDELSIZ, 1. Jedel döretmeýän, çekişmeli däl. Jedelsiz mesele. Jedelsiz subutnama.

 2. Dawasyz, gürruňsiz, şeksiz. Jedelsiz iş. Jedelsiz işlemek. Ol bu tabşyrygy jedelsiz ýerine ýetirer.


JEDELÇI, Jedel etmegi halaýan adam, jedeli köp edýän adam, jedelkeş.


JEDIRDEMEK, Jedir-jedir edip gürlemek, örän çalt we çalasyn geplemek. Ol jedirdäp başlady (B. Gulow, Hekaýalar).


JEDIRDEŞMEK, Jedir-jedir edişip gürleşmek,çalt we çalasyn gepleşmek.


JEDIRDI, Jedirdäp gürlänende çykýan ses, gürrüň.