SÖZLÜG ; J- HARPY;
JEM

JEM I, 1. Goşulanda hasyl bolýan umumy mukdar, san, hemme. Bu ýigitleriň jemi, on alty adamdy (A. Gowşudow, Saýlanan eserler).

2. mat. Jemlenende çykýan netije.

3. Tükel. Biz şu wagt jem wagtymyz gürleşeliň. <> Jem bolmak — ýygnanmak, üýşmek, toplanmak. Çagalaryň hemmesi naharhanada jem boldular («Mydam taýýar» gazeti). Garaňkylyk bizden gitdi güm bolup, Stantsiýa at hem dakdyk jem bolup (N. Pomma, Saýlanan eserler).


JEM II, Mürepbänin bir görnüşi.


JEMAGAT [jema.tat], 1. Adamlar, jemende, mähelle, märeke. Şol wagt şäher tarapdan bir atlynyň atyny gamça basyp, ak köpük edip gelýänligini görüp duran jemagat: — Bolşiewigiň öňi gelýär — diýip sandyraşmaga başlady (A. Durdyew, Saýlanan eserler).

2.   «Adamlar» diýen manyda köpçülige ýüz tutulyp aýdylýan söz. Jemagatlar, miraplygy şu agzalan adamlaryň haýsyna berseň hem, gezegini geçirer (B. Kerbabaew, Aýgytly ädim).


>

JEMAGATÇYLYK [jema:gatçylyk], ser. Jemgyýetçilik. Şäher galasynyň içinde ýaşaýyş jaýlary, skladlar we başga her hili jemagatçylyk jaýlary bolupdyr (SSSR taryhy).


JEMGYÝET, 1. Maddy durmuşyň (ýaşaýşyň) umumy konkret-taryhy şertleri esasynda birleşen adamlaryň jemi. Uly-kiçi, aýal-erkek adamlaryň bary biziň jemgyýetimizde deň bir hatardaky adam hasaplanýar (A. Gowşudow, Mähri—Wepa). Taryh — adamzat jemgyýetiniň ýaşaýşy hakynda ylymdyr (Gadymy dünýä taryhy). Sotsialistik önümçiligiň esasy maksady hem-de baş wezipesi bütin jemgyýetiň hemişe ösýän maddy we medeni isleglerini maksimal kanagatlandyrmakdir (N. S. Hruşiow, SSSR-iň oba hojalygyny mundan beýläk-de ösdürmegiň çäreleri hakynda).

2. Gelip çykyşy, ýagdaýlary, bähbitleri we ş. m. umumylygy esasynda birleşen adamlar topary. Dworýanlar jemgyýeti.

3. Umumy meseleleri özleri üçin maksat edinýän adamlaryň birleşigi, edara, gurama. Sport jemgyýeti. Gyzyl ýarym aý jemgyýeti. Syýasy we ylmy bilimleri ýaýratmak baradaky jemgyýet.


JEMGYÝETÇILIK, Jemgyýete degişli bolan, jemgyýete has bolan, jemgyýetde adamlaryň işine baglanyşykly bolup geçýän.


JEMENDE, ser. J e m a g a t. Gün guşluk galandan soň, bütin jemende aýak üstüne galdy (B. Kerbabaew, Aýgytly ädim). Töwerekde bolsa görünýän. jemende ýok (B. Pürliew, Ilkinji gün).


JEMI, Hemmesi, ählisi, bary. Müsür ýazuwynda jemi 700-den-de köpräk belgi bolupdyr (Gadymy dünýä taryhy). Soňky duşuşykdan soň, jemi näçe adam serhetden geçirildi? (G. Kulyew, Köpetdagyň aňyrsynda).


JEMLEMEK, 1. Jem etmek, bir ýere toplamak, üýşüryek, ýygnamak. Deň-duşlaryndan karz alyp, dört ýüz tyllany jemledi («Görogly> eposy). Olaryň hemmesiniň pikirini bir yere jemlän tapyldy (B. Kerbabaew, Aýgytly ädim).

2. mat. Goşup jemini çykarmak, hasabyny çykarmak.

3. Belli bir netijä gelmek, netije çykarmak. Kelhan iň soňunda gürrüňi bir ýere jemledi (B. Kerbabaew, Aýgytly ädim). Garry öz pikirini jemlemek üçin üsgüresi gelmese-de üsgüren boldy (B. Pürliew, lkinji gün).

4. Bes etmek, gutarmak, tamamlamak. Pionerler öz ýygnanyşyklaryny «Meniň mähriban ýurdum giňdir» diýen aýdym bilen jemleýärdi («Mydam taýýar» gazeti).


JEMLENMEK, 1. Jem bolmak, bir ýere toplanmak, üýşmek, ýygnanmak.

2. mat. Goşulyp jemi çykarylmak.

3. Belli bir netijä gelinmek, netije çykarylmak. Sessiýada edilen dokladlar jemlendi.

4. Bes edilmek, gutarylmak, tamamlanmak. Dagystan sungatynyň we edebiýatynyň Moskwada geçirilen dekadasynyň işleri jemlendi.


JEMLETMEK, 1. Jem etdirmek, bir ýere toplatmak, üýşürtmek, ýygnatmak. Işçi güýjüni jemletmek. Ähli güýji bir ýere jemletmek.

2. mat. Goşup jemini çykartmak, hasaplatmak. Kolhozçylaryň gazanan zähmet günlerini jemletmek. Çykdajylary jemletmek..

3. Belli bir netijä getirtmek, netije çykartmak. Ýygnagyň işini jemletmek.

4. Bes etdirmek, gutartmak, tamamlatmak.


JEMLEŞDIRMEK, Hemmesini bir ýere jemlemek. Materiallary jemleşdirmek.


JEMLEŞMEK, 1. Bir ýere toplanyşmak, ýygnanyşmak, üýşüşmek, jem bolmak. Emma bu saparky söýgi onuň hemmesine gurp berýän, hemme söýgüleriniň bir jemleşen çugdamy ýaly duýuldy (B. Kerbabaew, Aýsoltan).

2. Jemlemäge kömekleşmek, netije çykaryşmak. Işiň netijesini jemleşmek.


JE'MPER, Örülen ýakasyz we iliksiz kofta.


JEMHURIÝET [jemhu:riýet], kön. s. ser. Respublika.