SÖZLÜG ; J- HARPY;
JEŇ

JEŇ, kön. s. Uruş, söweş, dawa-jenjel. Kommunistik partiýa diýýäris saňa, Jeňlerde, aňlarda äkidýäň öňe (N. Pomma, Saýlanan eserler).


JEŇBAZ [jeňba:z], Jeň isleýän adam, uruşparaz, uruş oduny tutaşdyryjy. Jeňbazlara her gün garşy joşýar azatlygyň güýji (A. Kowusow, Goşgular we poemalar). Bu ses betpäl jeňbazlara — duşmanlara harasatdyr (J. Ilmyradow, Goşgular). Faşistik jeňbazlar ýer ýüzünden ýok edilmelidirler.


>

JEŇBAZLYK [jekba:zlyk], Uruş oduny tutaşdyryjylyk, uruşparazlyk. Maksady belli onuň, Gelýär jeňbazlyk ysy (A. Kowusow, Goşgular we poemalar)


JEŇŇEL, Gür agaçlyk ýer, gür tokaý. Gaýramyzdaky jeňňelde  şagallar gygyryşýardy  (N.  Pomma, Taýlak hyzzyn). Baksak ülkemiziň her bir taýyna, Jeňňelne, düzüne, belent-oýuna (N. Pomma, Saýlanan eserler)


JEŇŇELLIK, Gür agaçlyk ýer, giden gür tokaýlyk Wolganyň iki kenarynyň   jeňňellik we sähralyk. goňişliklerinde dürli halklar ýaşapdyrlar  (SSSR ta ryhy). Bäşim şatlygyň derdinden jeňňellige baryp ýetendigini hem duýman galdy.(J. Akyew,  Mergeniň ogly).


JEŇPARAZ, ser. Uruşparaz. Dynçlyk tarapdary çäksiz okean, Jeňparaz jenaplar ujypsyz bir san («Oktýabrь ýalkymy»). Jeňparazlar uruş isleýärmişler (B Pürliew, Ilkinji gün).


JEŇÇI, Jeň edip ýören, jenjelçi, dawaçyl, gykylykçy. Jeňçi ýene parahatlanmady (A. P. Çehow, Saýlanan eserler).