SÖZLÜG ; J- HARPY;
JEN

JENAN [ jena :n], Görkli, görmegeý, näzenin (aýal maşgala hakda). Galkyn, gözüň görkez, hindi zenany, Gül meňzi saralan arap jenany («Oktýabrь ýalkymy»). Meniň ýüregime bu jenanyň suraty nagyş bolaly bäri, gije-gündiz meniň keýpim bäşdi (G. Muhtarow, G. Seýitliew, Çopan ogly).


JENAP [ jena :p], Rewolýutsiýadan öň özüňden ýokary çinli harby gullugynda işleýän adama we käbir çet ýurtlulara ýüzlenilende aýdylýan söz. Eý sen, eý haýasyzlar jenaby, Halk öňünde tiz berersiň jogaby (A. Kekilow, Saýlanan eserler) Jenap polkownik! Polkownik aga, beýle zat ýok (B. Kerbabaew, Aýgytly ädim).


JENAÝAT [ jena :ýat], Günäkärçilikli hereket, kanundan çykmaklyk, kanuny bozmaklyk, günä etmiş. Eger men jenaýat etmedik bolsamdym, onda meni hiç kim zyndana salmazdy (A. Gowşudow, Mähri—Wepa). «Jenaýat» sözüni eşidip, onuň has-da gany gyzyp başlady («Sowet edebiýaty» žurnaly).


JENAÝATKÄR [jena:ýatker], ser. Jenaýatçy Sen hem ozal jenaýatkär bolup gördüňmi? (A. Gowşudow, Eserler).


JENAÝATKÄRLIK [jena-ýatkärlpk], ser. J e n a ý a t ç y l y k.


JENAÝATLY [jena:ýatly], Jenaýaty bar bolan, günäli, etmişli. Gurt şu jenaýatly kärlerden halys berç bolan bolmaga çemeli (A. Gowşudow, Mähri—Wepa).


JENAÝATÇY [jena:ýatçy], Jenaýat eden, jenaýatly iş eden adam, günäkär, jenaýatkär. Jenaýatçylary hem gula öwrüpdirler (Gadymy dünýä taryhy). Olar sud öňündäki jenaýatçy ýaly, ak tam bolup durdular (G. Mlyew, Köpetdagyň aňyrsynda). Ondan jenaýatçylara degişli jeza bermegini haýyş etdi («Sowet edebiýaty» žurnaly).


JENAÝATÇYLYK [jena.ýatçylyk], Jenaýat işi, günäkärçilik, jenaýatkärlik.


JENJEL, 1. Galmagally, dawa, gykylykly, jedel.Olaryň öz aralarynda bor-bolmaz jenjeller hem çykýardy (B. Kerbabaew, Aýgytly ädim). Heniz agy-garany selňerşip bilmeýän bu neresse çagajyk öýüň içinde jenjel başlanan mahaly ejesiniň aýagyndan ýapyşyp gör näçe gezekler bagyryp aglapdy («Sowet edebiýaty» žurnaly).

2. Gykylyk, galmagally ses, gopgun. Çagalaryň jenjeli.


JENJELKEŞ, ser   Jenjelçi.


JENJELLEŞMEK, Biri bilen jenjel etmek, dawalaşmak,   käýişmek,  gygyryşmak.Häzir jenjelleşip oturmaga wagt ýok.(B. Kerbabaew, Aýgytly ädim) Aman aga onuň bilen   jenjelleşip durmany uslyp bilmedi (B. Seýtäkow, Doganlar).



JENNET, 1. dini. Dini-mistiki düşünjä görä: hamala şerigatyň kada-kanunlaryny berjaý edip ölen. namazhon adamlaryň ruhy ýaşaýan ýeri, behişt. Kakasy jennetiň ak guşudyr (B. Kerbabaew, Aýgytly ädim).

2. göç. m. Sapaly, eşretli, oňat ýer, jaý. Azat bir durmuşda şol azat zähmet ýer ýüzünde döredipdir jenneti (B. Kerbabaew, Aýlar). Seniň daglaň, seniň baglaň, seň çölleň, Diýsem, meniň üçin hakyky jennet (N. Pomma, Saýlanan eserler)

Ýagşyny görmek hem jennet (nakyl).