SÖZLÜG ; J- HARPY;
JET

JET, Biri-biri bilen duşmançylykly aragatnaşykda bolan, aralary bozulan, tersleşik, ters. Heý, akýürekli bilen garaýürekli hem jet bolmazmy? (A Gowşudow, Köpetdagyň eteginde). Obada başga-da oglanlar köpdi, emma olar bu ikisi ýaly jet däldiler (H. Ysmaýylow, Powestler).


JETLEŞIK, 1. ser Jetlik

2. Dawa, jenjel. Goý, olaryň jetleşigi näme bolsa şol bolsun (A. Gowşudow, Powestler we hekaýalar) Olaryň arasynda jetleşik bar.


JETLEŞMEK, 1. Biri bilen jet bolmak, biri bilen tersleşmek Öz biri-biriň bilen jetleşmek.

2. Dawalaşmak, galmagal edişmek. Iş üstünde jetleşmek.


JETLIK, Biri-biriň bilen jet bolmaklyk, aralary ýokluk, terslik, jetleşik.