SÖZLÜG ; J- HARPY;
JER

JEREN, zool Gum we dag keýiginiň geçisi, keýik. Jeren dek böküşip, bagda gezýärler, Gerek zadyň maşyn bilen ýazýarlar, Hemme zady bir gulakdan düzýärler, Gollari hünerli gyzlary gördük (Nury Annagylyç, Goşgular)


JERIME [jeri:me], Temmi hökmunde salynýan pul salgydy, ştraf Kolhozyň kassasyna togsan manat elli dokuz köpük jerime eltdim («Sowet edebiýaty» žurnaly) Nedogry edilen hereket üçin jerime tölemek.


JERRELTMEK gözüňi jerreltmek — ýiti--ýiti seretmek, jiňkerilip seretmek. Ýaşuly. gözüme gözlerini jerreldip seredip, kitabyny öwmäge durdy («Beýik şahyr»)


JERHET, Başda, ýarada emele gelýän iriň. Onuň gyzgyn ýaga daglanan aýaklary çişipdir, eti dökülipdir, dabanyndan, syňraklaryndan jerhet akypdyr («Sowet edebiýaty» žurnaly).


JERÇI, Ownuk söwdagär, ownuk-uşak zatlar satýan adam, satygçy. Saňa daknyşyk etmäge jerçiniň näme hetdi bar (B. Kerbabaew, Aýgytly ädim). Sözümiz saçan dek sowruldy ýele, Bazar jerçisi dek jenjel gurjak däl («Sowet edebiýaty» žurnaly).


JERÇILIK, Jerçiniň käri, söwdagärlik, satyjylyk. Ol bazarda jerçilik ederdi («Sowet edebiýaty» žurnaly) Jerçilik etmek Jerçilik bilen meşgullanmak.