SÖZLÜG ; J- HARPY;
JEP

JEPA [jepa:], 1. Horluk, azap, jebir, sütem, ejir. Ol köp jepalary başdan geçirdi

2. Azaby köp bolan agyr zähmet. Bu ähli zynat halkyň agyr jepalary netijesinde döredilipdir    (Gadymy    dünýä    taryhy) <> Jepa çekmek—horluk görmek, agyr durmuşy başdan geçirmek. Neresse nähili jepa çekdi (B. Pürliew, Ilkinji gun).

Jepasyny çeken, wepasyny görer (nakyl).


JEPAKEŞ [jepa:keş],   Zähmetden gaçmaýan,  zähmetsöýer, hiç bir kynçylykdan gaçmaýan Meniň agtygym ulynyň diýenini tutýan, dünýede daýhançylyk işinden başga zady bilmeýän jepakeş oglan (A. Gowşudow, Mähri—Wepa) Tapdym, ynha seniň familiýaň, jepakeş ýigit («Sowet edebiýaty» žurnaly).


JEPAKEŞLIK [jepa:keşlik], Jepakeş bolmaklyk, zähmetden gaçmazlyk, zähmetsöýüjilik, zähmetsöýerlik. Jepakeşlik bilen işlemek. Jepakeşlik bilen zähmet çekmek.