SÖZLÜG ,,, M- HARPY;

MYD

MYŽ

MYJ

MYK

MYL

MYM

MYN

MYŇ

MYR

MYS

MYT

MYH

MYÇ

MYŞ


MYJABAT [myja:bat], Nähak töhmet, ýalan şyltak, garamat. Allaly paryň jany sag bolsa, maňa her hili myžabat ýöňkejegini men bilýän. Bahar gaty akylly gyz ahyryn, ol myžabatdyr (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde) . Hawa, ar almak isledim, men oňa myjabat etdim (B. Pürliew, Ilkinji gün).


MYZAÝYK [myza:ýyk]: myzaýyk etmek — ynjyklyk etmek, göwnüňe almak, argynlyk duýmak. Düýeler uzak ýoly myzaýyk etmän, äwmezlik bilen gadam urýardylar. Baýlaryň özi ony onçakly myzaýyk etmänleri üçin, ýene şowhun başlandy (B. Kerbabaew, Aýgytly edim). Sen eliňe ýa diliňe ýokan kirjagazy myzaýyk etjek bolsaň, bagt guşy gelip, seniň başyňa gonmaz («Sowet edebiýaty» žurnaly). Ol, aýalynyň gözi ýok ýaly süssenekläp gelmegini myzaýyk etmän, aradan biraz salym geçirenden soň, şeýle diýdi (N. Saryhanow, Saýlanan eserler).


MYZAÝŇÇY  [myza:ýykçy],  Myzaýyk edýän adam.


MYZAHAR [myza:ha:r], Mätäç, zar. Men zada myzaharmy näme. Men öz güýjüme, kolhoza minnetdar! (B. Kerbabaew, Aýsoltan). Men dünýä malyna myzahar däldirin («Türkmen ertilkileri»). Biziň hiç zada myzahar däldigimizi bilse-de, biziň üçin del zat hasap edip, doganjygym Gyzylsuwdan gyzyl balyk iberipdir («Sowet edebiýaty» žurnaly).