SÖZLÜG ,,, M- HARPY;

MYD

MYŽ

MYJ

MYK

MYL

MYM

MYN

MYŇ

MYR

MYS

MYT

MYH

MYÇ

MYŞ


MYRAT [myra:t], Ýürekde beslenen arzuw, isleg, ňiýet, maksat. Haýsy işi ýüregiň islese, şoňa yhlas bilen hyzmat etseň, ol seni myradyňa ýetirýär (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde). Agzybirlik ýeňiş getir, Arzuwly myrada ýetirer («Mydam taýýar» gazeti).

Yhlasa — myrat (nakyl).


MYRLAMAK, 1. Myr-myr edip seslenmek, myrryldyly ses çykarmak (pişik hakda). Pişik myrlaýar.

2 Çalaja hor çekip, süýji ukuda ýatmak. Onuň gapdalyndaky jigisi guzy ýaly myrlap ýatyrdy (B. Kerbabaew, Aýgytly ädim). Myraly hiç zat duýman, ýuwaşja myrlap ýatany üçin, aýal iň soňunda durup bilmän, Myralynyň boýnundan gol salypdyr (Myraly).


MYRLAŞMAK, 1. Bilelikde myrlamak, myr-myr edişip seslenmek, myrryldaşmak.

2. Bir näçe bolup myrlap, ukuda ýatmak. Gapydaky myhmanlar guzy ýaly myrlaşyp ýatyrdylar (B. Kerbabaew, Aýgytly ädim).


MYRRYLDAMAK. ser. M y r l a m a k.

MYRRYLDAŞMAK, ser. Myrlaşmak.


MYRRYLDY, Pişik ýa-da adam uklap ýatyrka burnundan dem alanda çykýan ýuwaşja ses. Kiçijik krowatyň üstünde ak prostyna dolanyp, süýji uka giden Myradyň «myr-myr» edýän sesi Murkanyň myrryldysy bilen sazlaşyp gidýärdi. («Sowet edebiýaty» žurnaly).


MYRRYH [myrry:h], 1 .Jyn, kakyn.

2. Nejis, haramzada, ýigrenji. ÝOK bol, myrryh! — diýdirip, özüne sögdürip ýör. Her bir sözi ýigrenji myrryhlara lowlap duran ýalyn ýaly çabyraýar (N. Pomma, Taýlak hyzzyn) .

<> M y r r y h y  atlanmak—jyny atlanmak, gahary gelmek, kakyny tutmak. Bazar barada çala mydyrt edäýse, onuň myrryhy atlanyberýärmişin («Tokmak» žurnaly).