MYH |
|
MYH [my:h], ser Ç u ý. Artyk çekiç bilen myh alyp çykdy (B. Kerbabaew, Aýgytly ädim). <> My h ýaly — Berk, pugta.
MYHAK [my:hak], bot. Dänesi derman hökmünde ulanylýan, ýakymly ysly, gülli ýabany ösümlik.
MYHLAMAK [my:hlamak], Myh kakyp berkitmek, çüýlemek.
MYHLATMAK [my:hlatmak], Myh kakdyryp berkitdirmek, çüýletmek.
MYHMAN, [my:hma:n], 1. Biriniňkä görme-görşe, gezelenje gelen adam. Men myhman hem däl, geldi-geçýer hem däl (B. Kerbabaew, Aýgytly ädim). Myhman sorap iýmez (nakyl). Myhman myhmany gysganar, öý eýesi — kisini hem (nakyl). Akmak.- myhman öý eýesine hödür eder. (nakyl) . Myhmanyň öňünde aş goý, iki elini boş goý. (nakyl). 2. Meýlise, ýygnaga çagyrylýan adam.
MYHMANLAMAK [my:hma:nlamak], Myhmana hezzet etmek, myhman edip almak. Başlyk hem bir gün eneli – ogly myhmanlady («Sowet edebiýaty» žurnaly). Tämiz we mylaýym ýerde myhmanlanyňa sag bol! — « (M. Ibrahimow, Ol gün geler).
MYHMANLYK, [my:hma:nlyk], Myhman bolmaklyk, myhman bolup barmaklyk, gonaklyk.
MYHMAN – MEDIWAN, [my:hma:n-mediwa:n], ser M y h m a n. Indi myhman-mediwandan gysylar dagy eder ýaly bolan däldiris (N.Saryhanow,Saýlanan eserler).
MYHMANPARAZ, [my:hma:nparaz], ser.Myhmansösýer. Türkmen adamlarynyň şeýle myhmanparazdyklaryny bilmeýärdi (G. Muhtarow, Pьesalar).
MYHMAMANSÖÝER, [my:hma:nsöýer], Myhman söýýän, myhmana gowy hezzet-hormat edýän, myhman sylaýan, myhmançyl. Şähdaçyk, myhmansöýer, pehimli, dogumly, gaýratly halk (N. Jumaew, Ak derek).
MYHMANSÖÝÝERLIK [my:hma:nsöýýerlik], Myhmany halamaklyk, myhmany eý görmeklik. Ol myhmansöýýerlik
MYHMANHANA [my:hma.nha:na], 1. Gelýän myhmanlar ýaşar ýaly ýörite gurlan köp otagly jaý. Hoşgeldi myhmanhanada jaý tutandan soň, Wüşi keliň adresini yzarlap gitdi (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde). Myhmanlary myhmanhananyň müdiriniň kömekçisi garşy aldy (G. Kulyew, Köpetdagyň aňyrsyn-da). 2. Aýratyn, indiwidual hojalyklarda myhman
MYHMANÇYL [my:hma:nçyl], ser. Myhmansöýer
MYHMANÇYLYK [my:hma:nçylyk], ser. M y h m a n l y k. Meniň uly oglum Gawrilo bir gün öýüme myhmançylyga geldi (A. P. Çehow, Saýlanan eserler). Gadym wagtlarda bir adam öz doganynyňka myhmançylyga düýeli gelipdir («Türkmen halk ertikiler ýygyndysy»). Eziz baýlarň myhmançylygyndan ýaňňa gaýdyp gelipdi (B. Kerbabaew, Aýgytly ädim). |