SÖZLÜG ,,, M- HARPY;

MYD

MYŽ

MYJ

MYK

MYL

MYM

MYN

MYŇ

MYR

MYS

MYT

MYH

MYÇ

MYŞ


MYTARA [myta:ra], Ýana göterilýän kiçijik suw gaby. Piotr hem indi gürlenokdy, emma ol mytarasyn-dan kürüşgelere bir zat guýýardy (A. Gowşudow, Saýlanan eserler). Mytaramdaky suw yslanypdyr («Görogly» eposy).


MYTDYLDAMAK, Maýda ädimläp, ýuwaş ýöremek, haýal gitmek, haýal hereket etmek. Şol wagt ýol bilen Mergen aga mytdyldap gelýärdi (A. Durdyew, Saýlanan eserler). Italmaz mytdyldap gidip barşyna, ýagdaýy müň ölçäp, müň biçip, hemmesini hem nämakul görüp, öýe giç geldi («Sowet edebiýaty» žurnaly).


MYTDYLDATMAK, Ýuwaş, haýal ýöretmek, öz maýdalyna sürmek. Annaguly ýabysyny mytdyldadyp guýa bardy (A. Durdyew, Saýlanan eserler).


MYTDYLDAŞMAK, Bir näçe bolup ýuwaş ýöräp barmak, ýuwaş ýöreşip gitmek. Ýelinlerini göterip bilmän mytdyldaşyp, hol-ha kolhoz mallary gelýär (A. Durdyew, Saýlanan eserler).