SÖZLÜG ,,, M- HARPY;

MYD

MYŽ

MYJ

MYK

MYL

MYM

MYN

MYŇ

MYR

MYS

MYT

MYH

MYÇ

MYŞ


MYŽGA, Üstüne zat düşüp, gysylyp, basylyp ezilen.


MYŽGAMAK, Öl bolmak, çyg çekip, myžžyk bolmak.

Bolup geçen ygaldan soň, şortaň ýerlerin, bir az myžgany, çegesöw ýerleriň berkäni üçin, ýeliň howa-da çäge sowurmagy geň ýaly duýulýardy («Sowet edebiýaty» žurnaly).


MYŽŽARMAK, 1. Suwy, şiresi çykyp durmak, myžžyk bolmak, ezilmek.

Çeleklerde çakyr üçin, ezilen üzümler myžžarypdyr («Sowet edebiýaty» žurnaly).

2 göç. M. Etli-ganlylyk ýa-da ýumşaklyk zerarly mylkyldap durmak. Siz, eýlemi etmedik hamyr ýaly myžžarman, etiňizi gatadyň! (B. Kerbabaew, Aýgytly ädim). Erän gurşun ýaly ürgün çäge onuň dabanynyň astynda myžžaryp, yzynda hatara çukanak galdyrýardy (B. Kerbabaew, Nebitdag).


MYŽŽARTMAK, 1. Myžžyk etmek, suwuny, şiresini ezip çykarmak, ezmek.

2. göç. m. Myžžygyny çykarmak, mylkyldap duran hala öwürmek, mynžyratmak.

Obadaşlar! Ýylanň bilini syndyranyň bilen, tä beýnisini myžžardýançaň, zäheri gutaranok (B. Kerbabaew, Aýgytly ädim). Yzy agyr ýükli traktor yzgarly ýeri  myžžardyp, öz yzynda üýtgeşik ýol ýasap barýardy («Sowet edebiýaty» žurnaly).


MYŽŽYK, Suwa mazaly ezilen, öl bolan, öl-suw bolan. Endamlaryndan çykan der bilen myžžyk bolan köýneklerini ýelpeşýardiler. (A. Gowşudow, Saýlanan eserler).

Derlemekden ýaňa onuň köýnegi mižžyk boldy (N. Jumaew, Ak dýerek).