SÖZLÜG ,,, M- HARPY;

MYD

MYŽ

MYJ

MYK

MYL

MYM

MYN

MYŇ

MYR

MYS

MYT

MYH

MYÇ

MYŞ


MYLAÝYM [myla:ýym], 1. Göwne ýaramly, göwne hoş ýakýan. Mahmal ýaly mylaýym meýdanda seýalkalar hatra tohum dökýärdi (B. Kerbabaew, Aýsoltan).

2. Maýyl, salkyn (howa hakynda). Mylaýym howaly iýulь agşamy.

Ýerler bugarýardy günuň çoguna, Mylaýym tebigat ýeňil dem alýar («Sowet edebiýaty» žurnaly).

3. Birneme ýyly, ýylymsy, ne sowuk, ne yssy (suw hak-da) Mylaýym suw.

4. Gulaga ýakymly, gulaga hoş degýän (ses, owaz hakda).

Aýsoltan mylaýym hem degişmek heňini duýdurýan ses bilen söze başlady (B. Kerbabaew. Aýsoltan).

5. göç. m. Açyk göwünli, hoş gylykly, göwne ýakymly, süýji sözli, alçak, mylakatly, sypaýy.

Görmäge sypaýy, gepleşmäge mylaýym adam  («Tokmak» žurnaly).


MYLAÝYMLANMAK [myla:ýymlanmak], 1. Mylaýym, ýumşak bolmak, göwne ýaramly bolmak. (predmet. hakda).

2. Maýlap başlamak, jana ýaramly bomak. Howa mylaýymlanýar.

3. Ýyp-ýyly bolmak (suw hakynda).

4. Gulaga ýakymly degip başlamak, hoş ýakmak, ýakymly täsir etmek (ses, owaz hakda).

Ýaş bagşynyň sesi barha mylaýymlanýar.

5. Açyk göwünli hem hoş gylykly bolmak, süýji dilli bolmak, alçaklyk etmek.

Ol tiz gyzýardy, sözleýärdi, öýkeleýärdi, tiz-de sowaýardy, mylaýymlanýardy (M. Ibrahimow, Ol gün geler).


MYLAÝYMLYK [myla:ýymlyk], 1. Gaty dällik, ýumşaklyk.

2. Maýyllyk, ýylylyk (howa hakda). Howanyň mylaýymlygy.

3. Ýylylyk derejesi, ýakymlylyk, ýylylyk (suw hakda). Suwuň mylaýymlygy hemmeler üçin ýaramlydy.

4. Gulaga ýakymlylyk, hoş owazlylyk (ses hakda).

5. göç. m. Açykgöwünlilik, hoş gylyklylyk, süýji sözlülik, alçaklyk. Onuň örän mylaýymlyk bilen özüne habar gatandygyny ýadyna saldy (A. Gowşudow, Powestler we hekaýalar). Dürnabat howla ugramakçy bolanda, mylaýymlyk bilen ýylgyrdy (B. Gurbanow, Duşuşyk).


MYLAIYMSYRAMAK [myla:ýymsyramak], Açyk göwünli, hoş gylykly bolan bolmak, ýaranjaňlyk etmek. Ol şeýle ýeserlik bilen mylaýymsyrady welin, komandir ýeserlikleriň düýp mazmunyny eýäm aňlady we onuň ýüzünde ýigrenç alamatlary peýda boldy (A. Gowşudow, Mähri—Wepa).


MYLAKAT [myla:kat], Hoşamaýlyk, mylaýymlyk. Jereniň mylakaty Aýsoltanyň göwnüniň keçjesine bolup, ol oňa enelik mehri bilen daraşdy (B. Kerbabaew, Aýsoltan). Akmämmet aganyň özlerine eden mylakaty olaryň gulagyna-da ilmeýärdi (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde).


MYLAKATLY [myla:katly], Hoşamaý, mylaýym, mähirli, ýakymly sözli. Wladimir Ilьiç ýoldaşlaryna örän mylakatly garaýardy («Mydam taýýar» gazeti). Ýaşajyk Amangül gaýgylananda, Mämmet aga mylakatly gürrüňi bilen oňa göwünlik bererdi («Sowet Türkmenistanynyň aýallary» žurnaly).


MYLAKATLYLYK [myla:katlylyk], Hoşamaýlyk, mylaýymlyk, mähirlilik, ýakymlylyk. Annuşka bilen gepleişp duran wagty çykan sesiniň owazynda düşündirip boljak joşgunly mylakatlylyk bardy (I. S. Turgenew, Awçynyň hatlaryndan).


MYLKYK, Tulkuldap duran, örän ýumşak, mylkyldap duran. Mylkyk garny bilen stoluň gyrasyna agram salyp, gepleşmäge başlady (N. Jumaew, Ak derek).


MYLKYLDAMAK, Ýumşaklyk zerarly tulkuldap durmak, mylk-mylk edip durmak.


MYLKYLDY, Mylkyk, ýumşak zatlaryň çaýkanmagy netijesinde emele gelýän hereket, ses.


MYLTYK, 1. Ýakymsyz tagamy bolan, tagamsyz. Myltyk üzüm. Myltyk gawun.

2. kön. s. Tüpeň.