SÖZLÜG ,,, M- HARPY;

MYD

MYŽ

MYJ

MYK

MYL

MYM

MYN

MYŇ

MYR

MYS

MYT

MYH

MYÇ

MYŞ


MYSAL [mysa:l], 1. Bir zat düşündirilende, subut edilende görkezilýän,  getirilýän delil,   tymsal. Hut özüniň  durmuşyndan  hem köp mysallar getiripdir • (SSSR taryhy). Garry mätel galdy günäkär ýaly, Ol geçen   günleriň diri mysaly («Oktýabrь  ýalkymy»).

2. mat. Pikir  arkaly hasap edilip çözülýän gönükme.

<>Mysal  almak — görelde almak, tälim almak, öwrenmek. Sen hem bir mahallar bolansyň şeýle, Şondan mysal  alyp, gel kömek  eýle («Sowet edebiýaty» žurnaly).

<>Mysal   üçin —  mysal bolar ýaly, meselem. Mysal üçin,  Abdyl şu ýerde önüp-ösen, Ahat  bolsa, Watanymyzň uzak künjeginden — Çuwaşystan-dan gelen   («Sowet   edebiýaty»   žurnaly).


MYSALA [mysa:la], Görnüş, sypat, görk-görmek. keşp.

Sen şu mysalaň bilen behişt ýaly bagyň içine girmäge utanaňokmy? (B. Pürliew, Ilkinji gün). Onuň, daş mysalasy bilen jebis gelýän bir näçe häsiýetleriini göreniňde: — Pökgen öz maşgalasy bilen hem degişmek-gülüşmegi bilýän adam däl bolsa gerek — diýip pikir edýärsiň (A. Gowşudow, Köpetdagyň etginde). Aý, görmedigimiz şol bolsun, mysalasy nä tüýsli, hassa ýaly yranyp gelýär (A. Durdyew, Saýlanan eserler).


MYSALY [mysa:ly], «Kimin, dek» ýaly sözleriiň manysynda ulanylýan modal söz.

Kolhoz obalarmyz, şäher mysaly, Erkin gülläp ösýär minut saýy, dost («Sowet edebiýaty» žurnaly). Baba hem ýap gazýar jahyl mysaly.(N. Pomma, Saýlanan eserler).


MYSGAL [mysga:l],  kön. s. 4,26 grama deň agyrlyk ölçegi. Munuň kellesinde bir mysgal-da akyly ýok ekeni, beýle adamyny biz giew edinip bilmeris. (A. Durdyew, Saýlanan eserler).


MYS-MYS:   mys-mys gülmek—  ýuwaşja, ses-siz gülmek. Burhan aga çalaran sakgalyny sypalap  mys-mys güldi («Sowet edebiýaty» žurnaly).


MYSSA:  myssa  ýylgyrmak — mylaýym ýylgyrmak, birden sessiz gülmek. Altyn myssa ýylgyryp, dyzynyň üstünden işini aýryp, gapdalynda goýdy. (A. Durdyew, Saýlanan eserler).


MYSSARMAK, 1. Myssyk bolmak, terligi gaçmak, ýumşamak (ir-iýmiş, miwe hakda).

2. Solgun we gowşak görünmek. Heniz tüý çykmadyk ter ýaňaklary, myssaryp görünýär.(B. Kerbabaew, Aýgytly ädim). Ýamagçy ýaňaklary myssaran, ýüzleri ýaprak ýaly saralan, horlanan, Aýaz bilen Nyýazy görkezdi. (M.  Ibrahimow, gün geler).

3. Gowzamak zerarly dykyzlygy gaçmak, boşlaň bolmak. Nurýagdy äwmezlik bilen öwrüldi-de, ýaşikleriň gapdalynda meşikleriň myssaryp ýatanyny gördi («Sowet edebiýaty» žurnaly).


MYSSARYŞMAK, Bilelikde myssaryp başlamak, myssyk görnüşi almak.

MYSSYK, 1. Terligi gaçan, ýumşan, myssaran.

2. Täzeden ýumşak (çörek hakda). Saçak doly myssyk çöregiň orta patlap düşmegi, onuň aç gözüni ýerine getirdi (B. Kerbabaew, Aýgytly ädim).

3. göç m. Mylaýym, ýakymly. Begenç Maýsanyň myssyk ýaňagyndan ogşady (B. Kerbabaew, Aýsoltan).


MYSSYLDAMAK, Myssyldyly dem almak, burnuň bilen asuda dem almak.


MYSSYLDY, Asuda alynýan dem, burundan sogduryp dem alnanda çykýan ýuwaş ses. Süýji ukuda ýatan kentlileriň myssyldysyndan başga zat eşidilmedi (M Ibrahimow, Ol gün geler).