SÖZLÜG ,,, M- HARPY;

MYD

MYŽ

MYJ

MYK

MYL

MYM

MYN

MYŇ

MYR

MYS

MYT

MYH

MYÇ

MYŞ


MYNASYBETLI [myna:sy:betli], Bir zadyň hormatyna bagyşlanan, bir zadyň hatyrasy, hormaty üçin edilýän. Beýik Oktýabrь baýramy mynasybetli geçirilen demonstratsiýa («Pioner» žurnaly). Erte agşam okuw ýylynyň gutarmagy mynasybetli mekdebiň toýy bardy (A. Gowşudow, Saýlanan eserler).


MYNASYP [mьşa:sy:p], 1. Laýyk bolan, taý gelýän, barabar bolan. Gumanist Magtymguly ýaşan döwründe özüne mynasyp orun alyp bilmändir («Edebiýat»). Diýýärdi: — Gözel gyz, görmegeý ýigit, Bular bir-birine mynasyp jübüt («Sowet edebiýaty» žurnaly). Ol çyn saňa mynasyp gyz (B. Gurbanow, Duşuşyk).

2. Gelşikli, ýaraşykly, çemeli. Onuň tegelek ýüzüne mynasyp gözleriniň üstünde gyýma gara gaşlary bardy (A. Gowşudow, Mähri—Wepa). Gardaş, gaty gitme, sen hetdenaşa, ýönekelik mynasypdyr her kişe («Tokmak» žurnaly).


MYNJAMA, dial. Kakmaç ýaly bölüşdirilip, bişirilip, küýzä salynýan balyk eti.


MYNJYRAMAK, 1. Baslygyp ýa-da zor görüp owranyp gitmek, pytramak, ezilmek.

2. göç. m. Ýok bolmak, basyp öldirmek. Duşmanlaryň bosgunlary girere süren tapman, ibirtde-zibirt bolup, top oklarynyň astypda mynjyraýardylar (A. Gowşudow, Eserler).


MYNJYRATMAK, 1. Basyp, basmarlap ezmek, owratmak. Ol ädikli aýaklary bilen taşlan mahorkasynyň üstünden basyp mynjyratdy (A. Gowşudow, Mähri—Wepa).

2. göç. m. Ýok etmek, basyp öldürmek. Mynjyradyp faşizmiň baryny, Saklars Watanmyzyň namys-aryny ( N. Pomma , Saýlanan eserler). Tilkini aýagy bilen basyp, tas mynjyradan eken («Türkmen halk ertikiler ýygyndysy»).


MYNÇGALAMAK, ser M y n ç g a m a k.

Gara gulakjynyň alyp eline, Ýüzün sallap, mynçgalaýar ol ine («Sowet edebiýaty» žurnaly). Ol, zyrmyldap barşyna tigirleriniň aşagyndaky palçyklary mynçgalap, gyralary kertilenje ýodajyklar ýasaýardy («Sowet edebiýaty» žurnaly).

<>Ýüregiň mynçgalamak — ser. ý ü r e k I.

Özüniň oňa bolan mähri ýüregini mynçgalady (B. Kerbabaew, Aýgytly ädim).


MYNÇGAMAK, Bir zady eliň içinde owkalamak, owkalap mynjyratmak, mynçgalap ezmek, owmak, mynçgalamak. Ol elindäki gazeti gahar bilen mynçgap gysdy, onuň gözünde gazap uçgunlary ýalpyldady ( N. Jumaew , Ak derek). Ol ýüpegi barmaklarynyň arasynda mynçgap, garşysyndaky adama görkezýärdi (M. Ibrahimow, Ol gün geler).