Hüwdüler çagany uklatmak üçin, esasan, sallançak ýanynda aýdylýan aýdymlardyr.

Aýlanaýyn adyňdan,
Sallançakda badyňdan,
Bezenip ata çyksaň,
Çykarmagyn ýadyňdan.
Huwwa-huw...

Allaý-allaý edeýin,
Baga sallan edeýin,
Bagyň gyzyl gülüni,
Saňa gurban edeýin.

Aýlar gyzym almaly,
Aýda dokar bir haly,
Halysynyň kenary -
On barmagnyň hünäri.

Allaý-allaý el biter,
Nar agaja gül biter,
Üç ýaşyna baranda,
Saýrap duran dil biter.

Alma gözlim aýlançak,
Akar suwlar bulançak,
Altmyş başly ak öýüň,
Gelişigi sallançak.

Meniň gülüm näzikdir,
Urmak, sökmek ýazykdyr,
Her ýaňagyn ysgasaň,
Alty aýlyk azykdyr.

Mergen bolup, guş ursaň,
Dagdan keýik düşürseň,
Düýä ýükläp getirip,
Kebap edip bişirseň.

Meniň jigim yşansyn,
Turup bilin guşansyn,
Müň tümenlik aty bar,
Duşman ondan üýşensin.

Allan-allan öwmeli,
Öň ýakasy düwmeli,
Saňa gelen belany
Daga-daşa kowmaly.

Meniň ballym ýatypdyr,
Gyzyl güle batypdyr,
Gyzyl gülüň tikeni
Gül aýagyna batypdyr.

Allalasam, aý seni,
Söýsem, göwnüm jaý seni,
Gyş gyşlasam, ýaz seni
Günde söýsem, az seni.

Oglanym owlak bakar,
Owlagnyň alny sakar,
Günortan sürüp gelip,
Çeşmeden suwa ýakar.