SÖZLÜG ; B- HARPY;
BOG

BOGAZ I, anat. 1. Gyzylödegiň we dem alyş ýollarynyň başlanýan ýeri, damak.

Bogazyň örän oňat açylypdyr (B. Pürliew, Ilkinji gün). Indi çörek bilen ýarma-da bogazyndan geçmeýärdi (A. Gowşudow, Powestler we hekaýalar). Bogazy bogmasaň, bogaz düýäni ýuwudar (nakyl).

2. Boýnuň öň tarapy, bokurdak. Ony sypdyrman bogazyna syrtmak atmak. gerekdi («Sowet edebiýaty» žurnaly).

3. Käbir bokurdakly gaplaryň boýny.

<>Bogaz dolmak — göwnüň bozulmak, aglasyň gelmek, agya tutmak, gahar gelip ýa-gda-begenip ýuwdunmak, hamsykmak.

Onuň begenjinden bogazy doldy (B. Kerbabaew, Aýgytly ädim). Nökeriň ýüregi awady, bogazy doldy, ýuwdundy (B. Kerbabaew,Çekişmän—bekişmez). Nursoltanyň bogazy doldy, sözüni dowam edip bilmedi (B. Kerbabaew, Aýsoltan).

Bogaz ýyrtyp gygyrmak — ser. Gygyrmak. Alty sopynyň bogazyny ýyrtyp, azana, gygyrmasy näme üçinkä? (B, Kerbabaew, Aýgytly ädim) .

Bogaza tegek bolmak — ne bärik, ne-de aňryk, hiç ýana gidip bilmän, bogazda galmak.

Bogazy öllemek — biraz suw, çaý we ş. m. içmek.


BOGAZ II, geogr. Köl bilen materigiň ýa-da iki deňziň arasyndaky inçejik suw boşlugy.

Aziýany Amerikadan Bering bogazy bölüp aýyrýar (SSSR taryhy). Odisseýiň gämisi darajyk bogazda tas heläk bolupdyr ((Gadymy dünýä taryhy).


BOGAZ III, Ynsan we haýwanlaryň içinde çagasynyň emele gelen döwri.

Guba düýe bogazdy (N. Saryhanow, Saýlanan eserler). Bogaz sygyrlary mineral iýmitler — hek we süňk uny bilen goşmaça iýmitlendirmek gerek (W. A. Trofimowskiý, Ýaş iri şahly mallary ösdürip ýetişdirmek). Ol ýurtda bolsa bir bogaz geçi galan eken («Turkmen halk ertekiler ýygyndysy»).


BOGAZBOSSAN [bogazbossa:n], Ortasy romb şekilli we gyralary goçak nagyşly palas göli.


BOGALDAK, Ýelken berkitmek üçin gämilerde edilýän beýik sütün.

Odisseý özüni bogaldaga pugta daňmagy buýruk beripdir (Gadymy dünýä taryhy). Batly. eliň derdinden buraw wyşkasy edil gäminaň bogaldagynyň güýçli gaýlarda bolşy ýaly yraň atyp jygyldaýardy («Sowet edebiýaty» žurnaly).


BOGDAK, 1. Däneden we ş. m. doly bolmadyk agzy boglan çuwal, torba we ş. m.

At üstünde iki bogdak un hem bar («Sowet edebiýaty» žurnaly).

2. Desselenen daňy, desse. Ol iki bogdak gül bilen iki-üç sany oýunjak, bir guty şokolad alyp, wokzala taksili gitdi (N. Pomma, Taýlak hyzzyn).


BOGDURMAK, 1. Bir zady başga birine daňdyrmak, bogup baglatmak, desseläp baglatmak.

Görýän welin, bu maňa desse bogdurjag-ow! (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde).

2. Bokurdagyny gysyp, kynlyk bilen dem aldyrtmak, bogazyny gysyp, dem almakdan mahrum etdirmek. Ýöne weli, seniň häzirki içi güjükli teklibiňe berlip, özümi bogdurar ýaly, men bu jany arzan baha hasap edemok (B. Kerbabaew, Aýgytly ädim).


BOGMAK, 1. Bir zady daňmak, desseläp baglamak. Jan ogullar, ýene ýekeje gün gaýrat ediň, ot bogmakdan. hem dynarsyňyz! (N. Pomma, Taýlak hyzzyn). Desse bogýan aýallaryň hereketlerinden, orakçylaryň ýüzlerinden, oraklaryň ýalpyldysyndan jöwzanyň ýakyp, gowrup barýanlygy görünýärdi (A. P. Çehow, Saýlanan eserler). Il agzyny ýygyp bolmaz, çelek agzyny — bogup (nakyl).

2. Bokurdagy gysmak, bogazy gysyp kynlyk bilen dem aldyrmak.

3. Erk-ygtyýaryny çäklendirmek, gysmak. Buthana ylmy pikiriň çala ýüze çykmagyny bogupdyr (Orta asyrlar taryhy).

4. Öňüni beklemek, baglamak, goýbermän saklamak.

<> Başyny bogmak — ser. B a ş I.

Belli biriniň başyny bogsak bolýar (N. Saryhanow, Saýlanan eserler).


BOGNAMAK,  Bogun-bogun kesip böleklemek.


BOGNAÝAKLYLAR, zool. Aýaklary bogun-bogun mör--möjekler topary.


BOGUK, 1. Gyryljyk çykýan, gyryk, tutuk (ses).

Ol gürrüň wagtynda oňaýly bir söz aýtsa ýa göwnüne jaý bir söz eşitse, boguk sesi bilen gülüp, elini şol tüýlere ýetirerdi (M. Ibrahimow, Ol gün geler). Ýegorjyk! Ýegorjyk! — diýip, iki sany sesiň boguk pyşyrdysy eşidilýärdi (A. P. Çehow, Saýlanan eserler).

2. gepl. d. Boglup goýlan, bogulgy. Bogdaklaryň agzy bogukdy.


BOGULMAK, I. Daňylmak, baglanmak.

2. Demiň tutulmak, sesiň gyryljyk bolmak, gyrylmak. Ol özüniň boglan ýaly gyryk sesi bilen:. — Gürrüň näme hakynda gidýär — diýip sorady (A. P. Çehow, Saýlanan eserler).

3. Bokurdakdan alnyp gysylmak, dem almagyň kynlaşmak. Ýüregime galyp bolan bir küýi bir zarbada daşyma çykarmasam, boglan pişik ýaly dyrjalap meniň iç goşumy gan öýdürýä ahyry («Sowet edebiýaty» žurnaly).

4. Erk-ygtyýaryň çäklendirilmek, gysylmak.


BOGULYK, Bogy etmek üçin edilen gerekli ýüp, bag we ş. m. zat.

Ol bogulyk üçin iki penje ýorunja ordy.


BOGUM-BOGUM, Köp bogunly, bir näçe bogunly.

Bogum-bogum bolup, uzalyp gidýän syrdam gamyşlar onuň gözüne görnüp duran ýalydy, («Sowet edebiýaty» žurnaly).


BOGUMÇY, bot. Baldagy gyzyl, bogum-bogum, ýere ýazylyp ösýän haşal ot.


BOGUN, 1. Organizmiň ownuk bölekleriniň birleşýän ýeri; elin, aýagyň ownuk süňkleriniň biri-biri bilen birigişýän ýeri. Onuň gara, duzly palçygy, ep-esli ululykda bolan köli emele getirýän duzly suwy guragyry, bilagyry, bogun hem-de damar kesellerini bejermekde ýaramly serişdedir («Sowet Türkmenistanynyň aýallary» žurnaly). Küşgleriniň perzisi, aty, ruhy, pili we başgalary agaçdan, goýnuň bogun süňklerindendir (A. Gowşudow, Mähri—Wepa).

2. Gamyş, gargy we ş. m. ösümlikleriň baldaklaryndaky bölümler.

3. gram. Sözleriň çekimli sesleri boýunça bölünýän bölegi. Seýdiniň hemme dörtlemeleriniň bogun sanlary deň däldir («Edebiýat»). Bu sözleri ol bogunlara bölüp, ýaňsy bilen aýtdy (N. Jumaew, Ak derek). <>Bogny ysmazlyk — 1) bir zada erk edip bilmezlik, gaýraty çatmazlyk, bir işe hötde gelip bilmezlik.

Bu gezek hem göz-görtele ýalan sözlemägä onuň bogny ysmady (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde). Ol bärden baranda, Artygyň öýde ýoklugyn-danmy ýa Şekeriň öýdeligindenmi — bir hili bogny ysmady (B. Kerbabaew, Aýgytly ädim);

2) dözüp bilmezlik, el degrip bilmezlik. Onuň dostuna zyýan ýetirmägä bogny ysmaz.

Açyk bogun — çekimli sese gutarýan bogun.

Ýapyk bogun — soňy çekimsiz sese gutarýan bogun.


BOGUŞDYRMAK, Bogup çykmak, desseläp çykmak. Olaryň iki-üç gün mundan ozal ýatyran otlaryny kolhozçylar boguşdyrýarlar (N. Pomma, Taýlak hyzzyn).


BOGUŞMAK, 1. Birine bir zady daňmaga, baglamaga, bogmaga kömekleşmek.

Myrat ejesine bede boguşýar.

2. Biri-biriňi bogmak, ýakalaşmak, basalaşmak.


BOGY, 1. Daňlan desse, petde, daňy (ot, ýorunja, pul, kagyz we ş. m. hakynda).Men dört bogy ot getirdim.

2. Bir zadyň agzyny daňmak uçin ulanylýan ýup, bag.

3. Aýallaryň başlaryny daňýan daňysy, ýaglygy, başbogy.

Inçemikdir onuň ýogyn. göwresi, Aýakda köwüş ýok, başynda bogy (Çary Aşyr, Poemalar).