SÖZLÜG ; B- HARPY;
BOÝU

BOÝUN, 1. anat. Bedeniň kelle bilen göwräniň birleşdirýän bölegi. Boýunlarynda ýaglyjak, bir eýjejik

bir geňsi (A. Kekilow, Saýlanan eserler). Beýlekisi bolsa boýny bokur uzyn adamdy (N. Pomma, taýlak hyzzyn). Düye öz boýnunyň egrisini bilmän, ýylana egri diermiş   (nakyl).

2. Küýze, çüýşe ýaly gap-gaçlaryn agzynyň inçelýän ýeri. Boýny uzyn çüýşe. 

3. Geýim-gejimiň kellä geýdirilýän ýeri,ýakasy. Köýnegiň boýny giň bolýar.

4. Jogapkär.Onuň şeýle etmejegine men boýun.

<>  Boýun  a l m a k — 1),  özüň baradaky bir zadyň hakykydygy, dogrudygy bilen ylalaşmak.

Men ýalňyşymy boýun aldym ahyry («Sowet edebiýaty» žurnaly);   

2) bir işi,ýumşy ýerine ýetirmäge wada etmek, söz bermek. Poşşy, bulary alyp gitmesek, işimiz ýol almaz, bular ähli işi bitirmegi boýun aldylar (A.Gowşudow, Mähri—Wepa).

Boýun bolmak—1)   bir  zadyň ýerine ýetirilmegini öz üstüňe almak.

Men çagalaryň okuwdan galmajagyna. boýun boldum;

2)  garaşly bolmak, tabyn bolmak, boýun egmek. Lap etmeýän, ol bir belli çeperdi, Çeperler hem oňa bolardy boýun (N. Pomma, Saýlanan eserler).

Boýun    burmak—1)  bir zat üçin  ötünç soramak, ýalbarmak, birinden bir zat dilemek. Täleýiň ters gelip, egildi güýjüň, Dyza çöküp boýun burarsyň indi (Ata Salyh, Saýlanan eserler);

2)  birine garaşly, bagly bolmak. Lepbeý diýip baýa boýun burardy (N. Pomma,   Saýlanan eserler).    Boýun    gaçyrmak — ser. Boýun   towlamak. Soň yzyna uçup gelen kepderileri eýelerine  gaýtaryp bermekden  boýun  gaçyrýar («Tokmak»  žurnaly). Gyz  alyp  gaçanyň ters yzyny yzarlamakdan yzçy boýun gaçyrdy (B. Kerbabaew, Aýgytly  ädim).   

Boýun  synmak — ser. Boýun  egmek. Rus knýazlyklaryndan biriniň bir wagt merkezi

bolan Polotsk boýun synypdyr (SSSR taryhy).Biz zawod eýeleriniň hile we mekirçiliklerine aldanamzok, asyl olara boýun synmarys (A.  Gowşudow, Eserler).

Boýun   towlamak — boýun gaçyrmak, bir işi ýerine ýetirmekden dänmek, etmejek bolmak. Men bu ýagdaýdan boýun towladym («Tokmak» žurnaly). Men beýle binamysçylygy edip bilmen, näme bolsam ýoldaşym bilen bile bolarys — diýip, Piotr  taşlap gitmekden boýun towlady  (A. Gowşudow,  Eserler).

B o ýu n    t o l g a m a k — ser.  Boýun    towlamak. Bä! «Bu haty men ýazamok» diýip, Nurjan ondan boýun tolgady ahyry! (B. Kerbabaew, Nebitdag). Eziz olaryň hemmesinden boýun tolgady (B.   Kerbabaew, Aýgytly ädim).

Boýun   egmek—1) tabyn bolmak, boýun bolmak, gulak asmak. Çöller bize boýun egip, Orun berer giň

şähere(N. Omadow, Bagt güneşi). Karara boýun egmek islemeýän jenaplara üns bermege wagt etdi (A. P. Çehow, Saýlanan eserler);

2)  biriniň aýdany bilen razylaşmak.

Boýnuna    goýmak —subut  etmek. Men Aýgülüň boýnuna goýýaryn («Sowet  edebiýaty»žurnaly)   Boýna syrtmak salmak—1) syrtmak edip daňmak; 2) biriniň ygtyýaryny doly suratda ele almak   Boýnuny sogurmak —öldürmek.    

Boýyn buruk — göwni kem, göwni synyk, tukat.

B o ý n y çapgy  ýassygy ýaly bolmak— gaty semremek, ýognamak (adam hakda).

Gaz boýun —owadan, uzyndan ak boýuny.


BOÝUNLAK~ Ýogyn ýa-da Uzyn boýunly   (adam, gap-gaç we ş.m.hakda).


BOÝUNMÜNDÜK ; gepl.d. Birini ýa-da bir zady boýna götermegiň bir görnüşi.

Ogluna bolsa bujagaz oýunjak bilen şokolady berip, boýunmündük edip maşina mündürerin (N. Pomma, Taýlak hyzzyn). Aýalyňy boýunmündük edip götermeli diýen taglymata meniň-ä gözüm düşmedi.(Sowet edebiýaty» žurnaly).


BOÝUNTYRYK , goşa  ýa-da araba goşulýan iş mallaryň boýnuna geýdirilýän enjam. Boýuntyrygyň

samaçawlaryndan hiç biri galman, käbirýerini sary-garynja ýalapdyr (B. Kerbabaew, Aýgytly ädim).

2. göç. m. Ekspluatirleýän güýç, zulum, sütem. Olar ykjam durarlar, başlanan mukaddes işi, ýagny kapitalizm boýuntyrygyndan işçi adamlary boşatmak göreşini alyp bararlar (B. Kerbabaew, Aýgytly ädim). Ol kolonial gulçulyk boýuntyrygyny ýene-de Indoneziýanyň boýnuna dakmak isleýärler («Sowet Türkmenistany» gazýeti).


BOÝUNTYRYKLAMAK, 1. Boýuntyryk geýdirmek, boýuntyryk salmak.

2. göç. m. Zorluk bilen garaşly etmek, boýun egdirmek, tabyn etmek.


BOÝUNTYRYKLANMAK, 1. Boýuntyryk geýdirilmek, boýuntyryk salynmak.

2. göç. m. Garaşly edilmek, tabyn edilmek.


BOÝUNTYRYKLATMAK, 1. Boýuntyryk geýdirtmek.

2. göç. m. Garaşly etdirmek, boýun egdirtmek, tabyn etdirmek.


BOÝUNÇA, Söz soňy kömekçisi. Aýsyz dury asmanyň ýyldyzlary öz kanunlary boýunça asudalyk bilen balkyldaşýardy (B. Kerbabaew, Aýgytly ädim). Sözsoňy kömekçileri: «üçin, sebäpli, göre, ýaly, kimin, çenli, bäri, deňiç, öň, soň, boýunça, garşy» ýaly sözlerden ybaratdyr.


BOÝUR-BOÝUR, Düwme-düwme (aglananda dökülýän gözýaş hakynda). Gözlerimden boýur-boýur ýaş döküp aglaýardym (N. Pomma, Taýlak hyzzyn). Ol gözünden boýur-boýur ýaşyny goýberip, sakgalyndan syrykdyrdy (A. Durdyew, Saýlanan eserler).


BOÝURGANMAK, Zeýrenip aglamak, hamsygyp zeýrenmek.


BOÝURGANYŞMAK, Zeýrenişip aglaşmak, hamsygyşyp zeýrenişmek.

Bu adamlaryň boýurganyşyp oturanyny görmän garagyň ýokmy? («Tokmak» žurnaly).


BOÝURDAMAK, Düwme-düwme bolup dökülmek, boýur-boýur dökülmek. Onuň gözünden ýene-de ýaş boýurdady we ol hamsygyp, sözüniň üstüne goşdy (A. M. Gorьkiý, Ene).


BOÝURDATMAK, Düwme-düwme dökmek, boýur-boýur dökmek, ýarym-ýaş aglatmak.

Ol göz ýaşyny boýurdadyp otur (N. Pomma, Saýlanan eserler).