SÖZLÜG ; B- HARPY;
BOR

BORAGAN, ser. Boran. Boraganyň içinde entäp ne körüň bar diýsene (N. W. Gogolь, Eserler).


BORAK, bot. Malyň iýýän ýumşak otunyň bir görnüşi.


BORAN [bo:ra:n], Syrgynly ýel, ygally sowuk howa. Ajy ýel gar bilen sowurýar boran (K. Işanow, Watan üçin).


BORŽUM, Ýokumly mineral suw.


BORJAK [bo:rjak],  bot.Ýowşan pisint syrdym ösýän,ýaşyl reňkli pürli ösümlik, gyzylja.


BORONA, oba h. Ýeri mal alamak üçin ulanylýan oba hojalyk guraly.

Gurallar boronalardan, azallardan ybarat bolupdyr (Gadymy dünýä taryhy). Olar sürlen, borona urlan ýerlerde galan-gaçan çaýyrlary, haşal otlary, ýandak käklerini çöpleýärdiler (N. Jumaew, AK derek). Sag gapdaly bolsa — heniz ýalazy, diňe ýüzünden borona dişleri ýöredilip, ýygjam. çyzmyk bolup ýatan tekiz gowaça meýdanydy («Sowet edebiýaty» žurnaly)\


BORONALAMAK, Sürlen ýeri borona bilen tekizlemk boýunça borona basmak.

Sürlen ýerleri boronalamak.

BORONDLANMAK, Borona bilen endigan edilmek, borona basylmak. Sürlen ekin meýdanlarynyň hemmesi boronalandy.


BORONALATMAK, Sürlen ýeri borona bilen endimanlatmak, borona basdyrmak. Sürlen gowaça meýdanyny boronalatmak.


BORONALAŞMAK, Birine borona basmaga kömekleşmek, borona basyşmak.


BORT, Ýük maşynynyň, gäminiň we ş. m. ýük ýüklenýän ýeriniň töweregindäki agaçdan ýa-da demirden edilen germew. Maşynyň bortundan ýapyşyp münmäge-mejalynyň galmandygy üçinmi, ol gele-gelmeşine kabina mündi («Sowet edebiýaty» žurnaly).


BORTMEHANIK, aw. Awiatsiýa mehanigi.


BORTPROWODNI'K, aw. Samoliotda ýolagçylara hyzmat edýän graždan howa flotunyň işgäri.


BORTRADI'ST, aw. Awiatsiýa radisti.


BORÇ [bo:rç], 1. Bergi. Ýigit bar, döwlet eýesi, Borç edip egne geýesi (Mollamurt, Saýlanan eserler). Borja batmak. Borja galmak.

2. Wezipe, kär. Gan döküp alnan azatlygymyzy, Goramak, saklamak biziň borjumyz (Ş. Kekilow, Saýlanan eserler). Ine, ýaňja obamyzdan geldim men, Soldatlyk borjuma başladym ýene (K. Gurbannepesow, Soldatyň ýüregi). Mukaddes borç.

3. Berlen söz, edilen wada.

Her birisi özüne borç edindi, Köp adama iş öwredip bilmegi (R. Seýidow, Saýlanan eserler).


BORÇLY [bo:rçly], 1. Borjy bar bolan, bergili.

2. Bir zady ýerine ýetirmekligi özüne borç edinen. SSSR-iň her bir graždany jemgyýetçilik, sotsialistik eýeçiligi gorap saklamaga we berkleşdirmäge borçludyr (S. N. Winogradow, A. F. Kuzьmin, Logika).

Partiýa guramalary öňde baryjylaryň iş tejribesini,ylmyň gazananlaryny giň ýaýratmaga borçludyrlar («Sowet Türkmenistany» gazýeti).

3. Edilen ýagşylyk üçin minnetdar bolan. Ömrüm boýy borçludyryn men saňa (B. Kerbabaew, Aýlar).


BORÇNAMA [bo:rçna:ma], Ýazuw üsti bilen boýna alnan borç, wada.

Şol aýda kollektiw plandan daşary önüm bermek baradaky borçnamanyň üçden birine barabar önüm işläp çykardy. («Sowet Türkmenistany» gazýeti).


BORŞŞ, Içine gök önüm atylyp bişirilýän çorba.

Borşş iýiň, piti hem erbet däl (N. Jumaew, Ak derek).