SÖZLÜG ; B- HARPY;
BOÝA

BOÝA, ser. B o ý a g. Öliniň maslygyna gyzyl boýa ýa-da surik çalynýan eken (SSSR taryhy).


BOÝAG, Mata ýa-da predmete reňk berýän jisim, boýa.Onuň içinde düýrülgi mata, boýaglar we kagyz bardy (O. Gonçar, Baýdak göterijiler). Gök boýag,Gyzyl boýag.

<> Boýag çalmak — şelaýyn sözler bilen ýuwmarlamak.Ýagşy, öňünden boýag çalma-da, bir bada

matlaba geç (M. Ibrahimow, Ol gün geler).


BOÝAGÇY, Boýag boýaýjy, reňkleýji. Harplar-da boýagçynyň diwar ýüzüne pürkýän nagşy däl («Sowet Türkmenistany» gazýeti).


BOÝAGÇYLYK, Boýag boýamak işi.


BOÝALMAK, 1. Boýag çalynmak, reňklenmek. Mazaryň esasy jaýynda surik bilen çym gyzyl edilip boýalan süňk tapyldy (SSSR taryhy). Emma köplenç dürli reňkdäki garyntgylara boýalan daş duzlary-da duş gelýär (M. N. Skatkin, Jansyz tebigat).

2. Hapa bulanmak, tegmilt degmek, garalanmak. Ýüzi güne garalan we gözýaşyna boýalan dokuz ýaşly bir oglan bardy (A. P. Çehow, Saýlanan eserler).


BOÝAMAK, 1. Bir zada reňk bermek, boýag çalmak, reňklemek. Göz eňüme sakgalyny hyna bilen boýan jerçi geldi. (N. Saryhanow, Saýlanan eserler). Pawel ony derrew alyp nyşana, Geýen köýnegini boýady gana (N. Pomma, Saýlanan eserler).

2. Hapa bulamak, tegmilt degirmek, garalamak.


BOÝANMAK, Özüň üçin boýamak, reňklenmek. Ýüň boýanmak.


BOÝATMAK, 1. Birine boýag çaldyrmak, reňkletmek. Mata boýatmak.

2. Hapa bulatmak, tegmilt degirtmek garalatmak.


BOÝAŞMAK, Birine boýamaga kömekleşmek, reňkleigmek.

Ýüpek boýaşmak. Halyçy aýallar biri-birine ýüpluk boýaşýardylar.