SÖZLÜG ; B- HARPY;
BOÝ 

BOÝ, 1. Adamyň göwresine ýa-da bir zada degişli uzynlyk, beýiklik.

Boýuň zybadyr ýeke çynardan (Mollamurt, Saýlanan eserler). Gowagyň ini bir metr, boýy üç metr (M. N. Skatkin, Jansyz tebigat).

2. Ösüş, kämilleşiş protsesi. Gowaçanyň bir näçesi entek inini, boýuny kemally almandyr (B. Kerbabaew, Aýsoltan). On bäş ýaşly Türkmenistan, Ösüp barýar boýuň seniň (Durdy Gylyç, Goşgular).

3. Suw ýakasy, kenar ýa-da bir zadyň ugry. Ýap boýlarynyň her ýerinde bir düýp tut, uzakdan bolsa hellewläp erik agaçlary görünýerdi (B. Kerbabaew, Aýsoltan).

4. göç. m. Durmuşa çykmadyk, öýlenmedik. Biri hem boý, jemi dört gyzy bar (N. Saryhanow, Saýlanan eserler). Bolgusyza barynçaň, boý oturgyn ölinçeň (nakyl).

<> Boý almak — ýetjek derejesine çenli ösmek. Gowaçalaryň boý alşy we hasyllanyşy örän gowy boldy. («Sowet Türkmenistanynyň aýallary» žurnaly).

Ýo l  b o ý y — ser. Ýo l .

Ýyl  b o ý y — ser, Ý y l. Ýyl boýy zähmet çekýän (Mollamurt, Saýlanan eserler).

Ömür boýy — ser. Ö m ü r. Munuň üçin ol ömür boýy üçünji boldy («Sowet edebiýaty» žurnaly).


BOÝBODRAN, bot. Baldagy inçe, telpekläp ösýän, sary gülli porsy ysly ot.


BOÝDAN-BAŞA, Başdan-aýak, başyndan ,ahyryna çenli, hemmesi.

Zeliliniň «Bolsa» diýen şygry boýdan--başa mertlik we jomartlyga degişlidir («Edebiýat»).

Boýdan-başa egin-başy garady (N. Pomma, Saýlanan eserler).


BOÝDAŞ, 1. Boýy deň bolan. Baryp ejesi bilen boýdaş bolup durdy («Sowet edebiýaty» žurnaly). Bir göwre oslagsyz ýerde onuň bilen boýdaş boldy (B. Kerbabaew, Aýsoltan).

2. Deň-duş, jora, deň-deş (gyzlar hakda.). Aýyp bolar, boýdaşdan galmaklyk yza (N. Pomma, Saýlanan eserler). Boýdaş jan, meniň günämi geç! (N. Pomma, Taýlak hyzzyn).


BOÝDÄNE, bot. Bugdaý ýaly däneli, ekilýän ysly ösümlik.


BOÝKOT, 1. Döwlet, gurama, edara bilen ýa-da aýry bir adam bilen her bir hili gatnaşygyňy kesmek-den ýa hem şolary bütinleý äsgermezlikden ybarat bolan syýasy we ykdysady göreş täri.

2. Protest bildirmek alamaty hökmünde araňy kesiş, ýüz dönderiş.


BOÝKOTLAMAK., Boýkot etmek.


BOÝLAMAK, Suwuň, çukuryň çuňlugyny boýuň bilen ölçemek. Suwuň çuňlugyny boýlap görmek.


BOÝNAMAK, 1. Boý almak, ösmek. Oýnap ekseň, boýnap biter (nakyl).

2. Ýoldan çykmak, ugrundan sowulmak (çapylýan at hakynda). Şol barmana bir ýaby boýnap, hatara düýäň arasyna urdy (B. Kerbabaew, Aýgytly ädim).

3. Işe öwrenişmek, işe endik edip başlamak (mal hakda). Ýaş öküz işe boýnady.


BOÝNATMAK, 1. Boý aldyrmak, ösdürmek.

2. Ýoldan çykarmak, sowdurmak.


BOÝRA, 1. Suwda bitýän uzyn baldakly gamyş pisint ösümlik.

2. Ösümlikden örülen düşek. Getiren ýylgyň boýralaryny we üç-dört sany agajy hem peýdalanyp bilmediler (N. Pomma, Sebäbini soň bildim). Olar bir stakan çaý içenlerinden soň, boýranyň üstünde süýnüp, horlamaga başladylar (M. Ibrahimow, Ol gün geler).


BOÝÇY, Suw boýlanýan çöp, suwuň çuňlugy ölçelýän çöp. Gündizine ol hyşadan boýçy edip, Suwuň ýelesinden goýberdi ony, Emma tarazynyň göçgünli sesi Ony goýbermedi, boýçy et biýip (N. Pomma, Saýlanan eserler).