SÖZLÜG ; B- HARPY;
BOT

BOTA'NIK, Botanika ylmyndan spetsialist.


BOTA'NIKA, Ösümlikler hakyndaky ylym. Botani-kanyň ösümlikleri öwrenişi ýaly, zoologiýa hem haýwanlary öwrenýer (W. F. Şalaew, N. A. Rykow, Zoologiýa). Grekler botanikany, taryhy öwrenipdirler (Gadymy dünýä taryhy).


BOTANIKI, Botanika ylmuna degişli bolan. Gerbarileri botaniki pres arkaly geçirmek gerek («Pio-ner» žurnaly). Botaniki bag.


BOTI'NKA, Kelte gonçly bagjykly aýakgap. Mälik botinkasyny silkip çykardy («Pioner» žurnaly). Durdymyrat: — Eje, tamdaýa meniň botinkam bilen dolaklarymy alyp gel! — diýip gygyrdy (A. Durdy-ew, Saýlanan eserler).


BOTLAMAK [bo:tlamak], Düýäniň köşegi bolmak, köşeklemek.

Guba düýe bogazdy, bu wagta iki-üç botlardy — diýdi (N. Saryhanow, Saýlanan eserler). Ýaňyrak botlan düýe köşegini ysyrganyp, abşaryp dur (B. Kerbabaew, Aýgytly ädim).


BO'TY, Beýik gonçly aýal galoşy.

Kimiňdir biriniň ak botuly aýagyny yralap başlaýşyna Wasýa gözüni aýyrman äňedip durdy (O. Gonçar, Baýdak göterijiler).


BO-HOW [bo-ho:w], Geň galmagy aňladýan ümlük. Bo-how, bu-da bu gün seýle çykypdyr-ow! («Sowet edebiýaty» žurnaly).


BOTSMAN, Harby gämilerde kiçi komandir.