SÖZLÜG ; B- HARPY;
BOK

BOKA'L, Çakyr ýa-da suw guýlup içilýän gap. Bokala «Madera», «Terbaş» dökdüler (Çary Aşyr, Poema-lar). Nury bokallara şerap guýup başlady («Sowet edebiýaty» žurnaly).


BOKS, sport. Aýratyn düzgün boýunça ýumşak ellik bilen biri-biriňi urup, iki sany sportsmeniň arasyn-da alnyp barylýan söweş.


BOKSÇY, Boks bilen meşgullanýan sportsmen. Soňa-baka ol boksçular ýaly, ýumrugyny düwüp, düw-düw topulyp başlady (N. Pomma, Taýlak hyzzyn).


BOKUR, Gysga boýun, gysga boýunly, bokurdagy içine gidip duran.

Beýlekisi bolsa boýny bokur, gözi çukur, burunlak uzyn adamdy (N. Pomma, Taýlak hyzzyn).


BOKURDAK, ser. B o g a z I.

Dem alnanda, tozan burna we bokurdaga girýär (M. N. Skatkin, Jansyz tebigat). Öwez, howanyň bu ýagdaýynda seniň çörek neneň bokurdagyňdan geçýär? («Kolhoz günleri»).

<> Bokurdagyň guramak — 1) gaty suwsamak;

2) gaty köp aglamak, aglap sesiň gyrylmak. Illi, gyzyňy eliňe alsana, onuň bokurdagy gurady («Tokmak» žurnaly).

Bokurdagyňda süňk bolup galmak —bir zat hakda ömürlik ahmyr (öýke, kine) galmak.

Bokurdak dolmak — ser. B o g a z.

Onuň bokurdagy dolup başlady (G. Gurbansähedow, Enesiniň ýumuşlary).